img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

DAŞOGUZYŇ DEMIR-BETON ÖNÜMLERI ZAWODY ÖNÜMÇILIGI GIŇELDÝÄR

photo

«Türkmensenagat» agentliginiň «Türkmendemirbetonönümleri» döwlet kärhanasynyň Daşoguzdaky demir-beton önümleri zawodynda daşky we içki diwar panelleriň önümçiligi özleşdirildi. Munuň üçin kasseta tehnologik liniýasy oturdyldy. Zawodyň önümleri kärhananyň düzümindäki demirgazyk welaýatyň dolandyryş merkezinde oňaýly köp öýli jaýlary gurýan gurluşyk edarasyna niýetlenendir. Häzirki wagtda iri panelli ýaşaýyş jaýlarynyň beýleki tekiz elementleriniň önümçiligini ýola goýmak boýunça işler alnyp barylýar.

Birnäçe ýyl mundan ozal durky täzelenen Daşoguzyň demir-beton önümleri zawodynyň uly öňümçilik mümkinçilikleri bar. Armaturany kesmek we egreltmek, sowuk dartma we takyk kebşirlemek üçin döwrebap stanoklaryň, köpri kranlaryň, beton garyjy merkeziň, kompressor enjamynyň, parogeneratoryň we beýleki ýörüteleşdirilen enjamlaryň bolmagy çykarylýan önümleriň görnüşlerini artdyrmaga we onuň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.

Şeýle hem zawodda dürli diametrli turbalar, üstki plitalar, penjire we işik germewleri, lagym guýylary üçin gapaklar, beton bordýurlar we beýleki önümler taýýarlanylýar. Şu ýyl 26 müň kub metr demir-beton önümlerini çykarmak göz öňünde tutulýar.