BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ BAGTYÝARLYK DÖWRÜNIŇ TÄZE BINALARY

photo

Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda täze binalaryň açylyş dabaralary boldy. Şol dabaralara Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow, welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, gurluşykçylar, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda dürli ugurly täze desgalaryň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň welaýat, etrap merkezlerinde, şäherlerde we obalarda döwrebap düzümi döretmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns merkezinde durýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmen topragynyň ähli künjeklerinde dowam edýän giň gerimli gurluşyklar sebitleriň sazlaşykly ösdürilmegine hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga ýardam etmelidir.

Şu gün ulanmaga berlen «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň döwrebap ýyladyşhanasy munuň aýdyň subutnamasydyr. Ol Şükür bagşy adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde «Eziz doganlar» hojalyk jemgyýeti tarapyndan bina edildi.

Umumy meýdany 20 gektara barabar bolan bu ýerde pomidoryň ýokary hasylly «Huanita», «Merlis» we «Tommimaro muço» sortlaryny ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär. Ösümlikleri goşmaça iýmitlendirmek, amatly howa ýagdaýyny döretmek işlerini döwrebap kompýuter ulgamlary bilen üpjün edilýär.

Gyş möwsüminde gün şöhlesiniň deňagramlylygy üçin bu ýerde ýörite lampalar oturdyldy, tozanlandyrma üçin arylar ulanylar, bu bolsa, hasyllylygy, diýmek, ýyladyşhananyň düşewüntliligini artdyrmak nukdaýnazaryndan möhümdir.

Bölümleriň ýerleşdirilişi pomidor hasylyny daşamak hem-de gös-göni ýyladyşhananyň girelgesinde ýüklemek işlerini geçirmäge mümkinçilik berýär.

Ýyladyşhana toplumynyň ulanmaga berilmegi bilen ýüzlerçe iş orunlary döredildi. Şeýle hem bu ýerde naharhana, saglygy goraýyş bölümi, dynç alyş otaglary we kömekçi desgalar hem göz öňünde tutuldy.

Dabaranyň çäklerinde sungat ussatlarynyň konserti, hususy oba hojalyk önümlerini öndürijileriň, döwrebap tehnikalaryň sergisi guraldy, täze ýyladyşhana barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi.