BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ BAGTYÝARLYK DÖWRÜNIŇ TÄZE BINALARY

photo

Ahal welaýat häkimliginiň buýurmasy boýunça «Dost gurluşyk, söwda önümçilik» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan gurlan täze binalaryň hatarynda düýn ulanmaga berlen hassahana bar, onuň binasynda hirurgiýa, reanimasiýa, terapiýa, çagalar hem-de maslahat beriş-anyklaýyş bölümleri, rengenologiýa, stomatologiýa, fizioterapiýa, owkalama bölümleri bar. Täze binanyň dolandyryş bölüminde iki sany maslahatlar zaly ýerleşdirildi. Şeýle hem binalar toplumyna awtoduralga, naharhana we beýleki desgalar göz öňünde tutuldy. Gurluşyk işleriniň barşynda ýokary hilli we ekologiýa häsiýetnamalary bilen tapawutlanýan döwrebap gurluşyk serişdeleri ulanyldy.

Maddy-enjamlaýyn we tehnologik üpjünçiligiň ýokary derejesi hem-de täze hassahananyň işgärleriniň hünär derejesi näsaglara ýokary hilli hyzmat etmek hem-de hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşini artdyrmak üçin şert döredýär.

Täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, mähriban halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak barada edýän yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Soňky döwürde Kaka etrabynda ýurdumyzyň hususy gurluşyk kompaniýalarynyň güýji bilen Ahal welaýatynyň häkimliginiň buýurmasy esasynda durmuş maksatly desgalaryň birnäçesiniň durky täzelenildi — çagalar baglary we mekdepler, keselleriň öňüni almak boýunça lukmançylyk toplumy, Saglyk öýi, Perinatal merkezi we beýleki desgalar ulanmaga berildi.

Suw üpjünçilik meselesi çözülýär. BAE-niň «Dew Jeneral Trading» kompaniýasy hem-de ýerli «Galkan» hojalyk jemgyýeti tarapyndan 15 kilometrlik Hywabat — Kaka suw geçirijisini gurmagyň taslamasy amala aşyryldy. Ol her gije-gündizde ýerli suw üpjünçilik ulgamyna Laýynsuw çeşmesinden suwuň 14 müň kub metrini akdyrýar. Suw oba hojalygy, durmuş hajatlary we agyz suwy üçin ulanylýar.

Desgany gurmagyň barşynda energiýa serişdelerini tygşytlamaga gönükdirilen «ýaşyl» tehnologiýalar ulanyldy, olaryň netijeli ulanylmagy tebigaty goramak işini milli ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaran döwlet Baştutanymyzyň syýasatynda aýratyn orun berilýär.

Baýramçylygyň öň ýanynda ulanmaga berlen täze desgalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmegiň aýdyň subutnamasydyr.