INDI MEDIA-TÜRKMEN HABARLAR AGENTLIGINIŇ ÖZ VR-KODY BAR

2010-njy ýylda Hytaýyň «VR Code Technology» kompaniýasy ilkinji VR-koduň nusgasy bilen tanyşdyrypdy, ol geljekde biziň öwrenişen QR-kodumyzyň ornuna geler.
Ol iňlisçeden terjime edilende «Göreniňden tanalýan kod» diýmegi aňladýar. QR-kod bilen deňeşdireniňde VR-kodda ummasyz maglumat bolup, ol sergiler, haryt belgilerini ilerletmek, mahabat, syýahatçylyk, harytlary sertifikasiýalaşdyrmak, lukmançylyk, oba hojalygy, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýaly ýene başga-da ençeme ugurlarda tapylgysyzdyr. Täze VR-kod gözüň düşenden tanalýar, bu onuň adynda görkezilendir, ýörüte enjamlar ony ençeme esse çalt skanirleýärler.
Golaýda Media-Türkmen habarlar agentliginiň ORIENT saýty Türkmenistanda öz VR-kodyny edinen ilkinji kompaniýalaryň biri boldy. Täze kod eýýäm täzelikler portalynyň esasy sahypasynda ýerleşdirildi, onuň kömegi bilen öz smartfonuňa ýa-da planşetiňe «ORIENT.TM» ykjam telefon programmasyny çalt we aňsat gurnap bolýar.
Türkmenistanda soňky ýyllarda täze tehnologiýalar çalt ýaýraýar, ykdysadyýetiň esasan elektron söwda, maliýe tehnologiýalary, önümçilik ulgamy ýaly ugurlaryna sanly ulgam çalt ornaşdyrylýar. Sanly ykdysadyýetiň elementleri her adamyň gündelik durmuşyna çalt ornaşýar.
Hytaý bilen hyzmatdaşlyk bolsa VR-kod ýaly täzeçillikleriň ulanylmagy babatda maglumatlar we kommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim bolar.