TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BIRŽA SÖWDALARYNY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini sanly ykdysadyýet konsepsiýasyna laýyklykda has-da kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak meseleleri hem-de şu wezipeler bilen baglanyşykly çäreler boýunça iş maslahatyny geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Çaryýewiň alnyp barylýan işler baradaky hasabatyny diňledi. Bellenilişi ýaly, dürli pudak edaralarynyň hem-de döwlete degişli däl ulgamyň kärhanalary tarapyndan Diýarymyzda öndürilen harytlaryň birža söwdalarynda ýerlenilmegi oňyn ösüş depgini bilen häsiýetlenýär, işewür hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklar giňelýär, biržanyň işine sanly tehnologiýalaryň hem-de maglumat ulgamlarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmek boýunça belli bir çäreleriň geçirilýändigini nygtady. Ýöne ykdysady meseleleri çözmekde, aýratyn hem ykdysadyýetimizi sanly ulgama gönükdirmegiň ugurlary kesgitlenende geçirilýän bu çäreleriň ýeterlik bolmaýandygyny, häzirki döwürde degişli ugur boýunça geçirilýän çäreleri has işjeň alyp barmalydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Daşary ýurt biržalarynyň tejribesini jikme-jik öwrenmek, täze, has netijeli iş usullaryny ornaşdyrmak örän zerur bolup durýar. Şoňa görä-de, bu işlere aýratyn üns bermeli. Şu maksatlar bilen, döwlet Baştutanymyz biržanyň işleriniň strategiýasyny işläp taýýarlamak barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygyna tabşyryk berdi.

Bu strategiýanyň esasy maksady ileri tutulýan ugurlary öz wagtynda düzgünleşdirmekden ybaratdyr. Onuň görnüşlerini, usullaryny, serişdelerini we biržanyň gor mümkinçiliklerini ulanmagyň usullaryny çalt depginler bilen ösdürmek esasy wezipe bolup durýar. Bu işler bolsa paýdarlaryň, işgärleriň we işewür hyzmatdaşlaryň bähbidini göz öňünde tutmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, strategiýanyň esasy wezipeleri biržanyň häzirki döwürdäki ýagdaýyny, döwletiň ykdysadyýetinde onuň tutýan ornuny, kem we artykmaç taraplaryny, bäsleşikli gurşawyny kesgitlemekden ybaratdyr. Şeýle hem korporatiw taýdan wezipelerini we gymmatlyklaryny biržanyň strategik maksatlaryny we wezipelerini, biržanyň strategiýasyny öz içine alýar.

Şonuň bilen birlikde, biržanyň strategiýasyny durmuşa geçirmegiň usullaryny, esasy we takyklanan ugurlar boýunça işleriň geljek bäş ýyllyk döwrüni, korporatiw taýdan dolandyrylyşy kämilleşdirmegiň usullaryny, durmuş syýasatynyň esaslaryny kesgitlemek bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, biržanyň işiniň esasy üç bazara, ýagny birža haryt bazaryna, döwlet we korporatiw satyn alyş bazaryna, elektron täjirçilik bazaryna gönükdirilmelidigini nygtady. Ykdysadyýetimiziň sanly ulgama geçirilýändigini göz öňünde tutup, esasan, biržanyň täze bazaryny — elektron täjirçilik bazaryny döretmek boýunça zerur işler geçirilmelidir.

Dünýä tejribesinde haryt-çig mal biržalaryň guramaçylyk-hukuk görnüşleri, esasan, paýdarlar jemgyýeti görnüşinde guralypdyr. Şoňa görä-de, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony paýdarlar jemgyýetine öwürmek meselesini içgin öwrenmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda öndürilen haryt-çig mal serişdelerini has netijeli ýerlemek we döwletimizde erkin lomaý bazaryň hereket etmegi üçin zerur şertler döredilmelidir. Bu ugurda degişli işleri meýilnamalaýyn esasda durmuşa geçirmek zerurdyr.

Dünýä tejribesinden ugur alyp, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleriň depginini güýçlendirmeli. Biržada elektron resminama dolanyşygyny ýola goýmak boýunça zerur işleri geçirmeli. Söwdalary elektron görnüşde internet arkaly geçirmek ulgamy ornaşdyrmaly.

Dellallar üçin birža söwdasyny «online» tertipde göni ýaýlymda synlamak mümkinçiligini döretmeli. Şeýlelikde, birža söwdasyna çykarylan harydy dünýäniň islendik künjeginden satyn almak mümkinçiligi dörär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, harytlary diňe bir öndürilen ýerinde ýerlemek däl, eýsem, serhetde gowşurmak, bellenen ýere eltip bermek ýaly hyzmatlary hem netijeli ulanmalydygyny, bu ugurda degişli edara-kärhanalar bilen hyzmatdaşlykda zerur işleri alyp barmalydygyny nygtady.

Göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde biržada baglaşylan geleşikleriň dolanyşygyny hem-de onuň girdejiligini ep-esli artdyrmagy gazanmak başardar.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz harytlaryň döwürleýin seljermesini geçirip, olar barada syn taýýarlamalydygyny, maglumatlary bir ýere jemlemek bilen, elektron görnüşde çap edip, ministrliklere we pudak edaralaryna ýetirmelidigini tabşyrdy.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň binýadynda hereket edýän Bäsleşik toparlaryny dünýä bazarlarynda emele gelen we biržada hasaba alnan bahalar baradaky maglumatlar bilen yzygiderli üpjün etmek barada görkezme berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Döwlet haryt-çig mal biržasyny ýokary hünär derejeli işgärler bilen üpjün etmek, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Biržanyň işine Diýarymyzyň halk hojalyk pudagynyň ähli ulgamlaryny öz içine alýan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde ähmiýetli orun berilýär. Birža söwdalaryna çykarylýan pagta çig maly, dokma, nebit we nebit himiýa önümleri, şol sanda dünýä ölçeglerine kybap gelýän iň täze kysymly ECO-93 awtoulag benzini daşary ýurtlara üstünlikli ýerlenilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň eksportynyň barha artýan görkezijilerinde beýanyny tapýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz işleri häzirki zaman derejesinde has-da kämilleşdirmegiň, bellenen çäreleri iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygyna üstünlikleri arzuw etdi.