TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «VINCI» KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ WEKILINI KABUL ETDI

photo

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «VINCI» kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Iw-Tibo de Silgini kabul etdi.

Myhman ýüzbe-ýüz duşuşyga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 24 ýyllygy mynasybetli bellenilýän baýram bilen gutlady. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň bu derejesiniň kabul edilen güni dünýäde halkara baýram hökmünde ykrar edildi.

Iw-Tibo de Silgi döwlet Baştutanymyza hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, milli Liderimiziň alyp barýan oňyn syýasatynyň Fransiýanyň we umuman, Ýewropanyň ägirt uly ykdysady kuwwaty bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gönükdirilen ýokary gyzyklanmalaryny şertlendirendigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda iri kompaniýalar we Fransiýanyň «VINCI» kompaniýasy bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz hem-de myhman bilelikdäki iş boýunça bar bolan tejribeleriň we işewür gatnaşyklary giňeltmegiň täze ugurlarynyň çäklerinde, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, jenap de Silgi hormatly Prezidentimize kompaniýa ynanylan taslamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz kompaniýanyň alyp barýan işine we umuman, fransiýaly binagärlerden, taslamaçylardan ybarat hünärmenleriň ukybyna ýokary baha berip, bu gezekki duşuşygyň öň ýanynda hödürlenen çyzgylarda görkezilýän täze myhmanhananyň bezeg aýratynlyklary barada birnäçe belliklerini we tabşyryklaryny mälim etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, «Nusaý» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýakynynda ýerleşjek myhmanhananyň keşbinde binagärligiň täzeçil çözgütleri we inženerçilik-tehniki pikirlenmeler, hususan-da, bu toplumyň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri, bezeg aýratynlyklary, gadymy Parfiýa şalygynyň binagärlik sungaty öz beýanyny tapmalydyr.

«VINCI» kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary döwlet Baştutanymyzy bu bellikleriň göz öňünde tutuljakdygyna we taslamanyň şoňa laýyklykda täzeden işlenip taýýarlanyljakdygyna ynandyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, myhman halkara gurluşyk bazarynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän kompaniýanyň mundan beýläk-de öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalary etjekdigini belledi. Şeýle hem bu kompaniýa önümçilik kuwwatyny, öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny we hyzmatlaryň giň ugurlaryny ulanmak arkaly, täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga taýýardyr.

Duşuşygyň ahyrynda Iw-Tibo de Silgi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa kompaniýa bildirilen ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, «VINCI-niň» Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge üýtgewsiz gyzyklanmalaryny mälim etdi.