BAÝRAMÇYLYGYŇ ÖŇ ÝANYNDA WATANYMYZYŇ SEBITLERINDE TÄZE BINALAR ULANYLMAGA BERILDI

Ýola goýlan asylly däbe görä, Garaşsyz Türkmenistan üçin şanly baýramçylyk bolan Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde täze gurlan desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Şolara şäher, welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar.
Şu gün Änew şäherinde täze ýaşaýyş jaýy ulanylmaga berildi. Ol Ahal welaýat häkimliginiň buýurmasy esasynda «Gerçek ýigit» hojalyk jemgyýeti tarapyndan bina edildi.
Dört gatly, 40 öýli jaýyň açylyş dabarasyna Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow, etraplaryň, şäherleriň we welaýatyň häkimlikleriniň, gurluşyk edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar.
Täze gurlan jaýyň bir, iki we üç otagly amatly öýlerinde ýyladyş ulgamlary, aşhana we beýleki enjamlary oturdyldy. Jaýyň ýanaşyk ýerleri bagy-bossanlyga büreldi. Bu ýerde sport meýdançasy, awtoduralga hem-de dynç alyş zolagy göz öňünde tutuldy.
Şu gün Balkanabat şäherinde ähli amatlyklary bolan iki sany üç we dört otagly ýaşaýyş jaýlarynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabara boldy.
Desgalar Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Balkannebitgazgurluşyk» trestiniň gurluşykçylary tarapyndan günbatar sebitiň dolandyryş merkeziniň täze etrapçalarynyň birinde bina edildi.
Bu künjek häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan şähergurluşyk syýasaty netijesinde binagärlik keşbini okgunly özgerdip, gözüň alnynda ösýär, giň köçeleri we şaýollary, saýaly baglary we seýilgähleri bolan owadan şähere öwrülýär.
Garaşsyzlyk şaýolunyň ugrunda gurlan 2 sany ýaşaýyş jaýynyň her biri 24 hojalyga niýetlenen öýleriň otaglary giň we ýagty, oňaýly aşhanasy bar. Olaryň açarlary «Balkantelekom» welaýat elektrik-aragatnaşyk kärhanasynyň hünärmenlerine gowşuryldy.
Şu günler Esenguly etrabynyň Bugdaýly şäherçesinde ruhubelentlik hem-de şatlykly ýagdaý höküm sürýär. Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň öň ýanynda bu ýerde «Türkmennebit» döwlet konserniniň Körpeje gaz çykaryjy müdirliginiň hünärmenleri täze jaý toýlaryny tutdular.
Her birinde iki we üç otagly öýleriň 16-sy bolan iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ikisini «Nebitgazçykaryş» trestiniň gurluşyk-gurnama dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri gurdular.
Ýola goýlan däbe görä, täze jaý eýeleri üçin milli däp-dessurlary, aýdym-sazly konsertleri öz içine alan jaý toýlary tutuldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berýär. Şu gün welaýatyň dolandyryş merkezi bolan Daşoguz şäheriniň saglygy goraýyş edaralarynyň üsti ýene-de bir döwrebap desga bilen ýetirildi. Bu ýerde «Älem açar» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan bina edilen täze Saglyk merkezi ulanylmaga berildi.
Iki gatly bina Şagadam köçesiniň ugrunda bina edilýän täze iri ýaşaýyş toplumynyň düzüm bölekleriniň birine öwrüldi. Bu toplumda oňaýly, köp öýli jaýlaryň onlarçasy hem-de durmuş-medeni maksatly desgalar bar.
Umumy meýdany bir gektardan gowrak bolan Saglyk merkezi ilata bejeriş we anyklaýyş häsiýetli hyzmatlaryň köp görnüşini hödürlär. Ol dürli keselleri öz wagtynda ýüze çykarmaga hem-de bejermäge ýardam edýän, Ýewropada öndürilen täze enjamlar bilen üpjün edildi.
Täze lukmançylyk edarasynda onlarça dolandyryş we lukman otaglary, sanjym otaglary, hirurgiýa bejeriş otagy, barlaghana, dermanhana ýerleşdirildi. Dermanhananyň önümleriniň görnüşlerinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp jiltlik ylmy işinde Türkmenistanyň çäklerinde ösüp ýetişýän dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanylan serişdeler hem giňden goýlupdyr.
Mundan başga-da, şu gün Köneürgenç şäherinde Gürgenç şaýolunyň ugrunda bina edilen köp öýli ýaşaýyş jaýy ulanylmaga tabşyryldy. Üç we dört otagly öýleriň on altysyndan ybarat dört gatly täze jaý «Türkmensenagat» agentliginiň «Türkmendemirbetonönümleri» döwlet kärhanasynyň Daşoguz demir-beton önümleri zawodynyň gurluşyk bölümleriniň hünärmenleri tarapyndan guruldy.
Otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan öýler giň we beýik bolup, jaýyň açyk eýwany aýnalanandyr. Bu ýerde dürli maksatly goşmaça otaglar guruldy. Jaýyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryldy we yşyklandyryldy.
Şu gün Mary şäheriniň ýaşaýjylary baýramçylyga ajaýyp sowgat aldylar. Welaýatyň dolandyryş merkezinde Aga Hanjaýew köçesiniň ugrundaky binalar toplumynyň üstüni dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birbada üçüsi ýetirdi.
Olar Mary şäher jemagat abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň işçileri tarapyndan bina edildi. Paýly gurluşyk esasynda gurlan ýaşaýyş jaýlaryň her birinde 2, 3 we 4 otagly öýleriň 60-sy bolup, olaryň giň eýwanlary we otaglary bar.
Jaýlaryň daşky binagärlik keşbi içki gurluşyň amatlylygy bilen utgaşýar. Ýagty otaglar, oňat timarlaýyş işleri, giň aşhana — bularyň hemmesi täze jaý eýeleriniň göwnünden turdy.