BAÝRAMÇYLYGYŇ ÖŇ ÝANYNDA WATANYMYZYŇ SEBITLERINDE TÄZE BINALAR ULANYLMAGA BERILDI

Ýola goýlan asylly däbe görä, Garaşsyz Türkmenistan üçin şanly baýramçylyk bolan Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde täze gurlan desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Şolara şäher, welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak barada edýän aladasy üçin hoşallyk sözlerini beýan edip, milli Liderimize jan saglyk, bagtyýarlyk, uzak ömür, Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Dürli maksatly desgalaryň ulanylmaga berilmegi döwletimiziň welaýat, etrap dolandyryş merkezlerinde, şäherlerde we obalarda adamlaryň abadançylygynyň möhüm şerti bolup durýan döwrebap durmuş-ykdysady düzümi döretmäge uly üns berýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Türkmen topragynyň ähli künjeklerinde gerimi boýunça deňi-taýy bolmadyk gurluşyklar dowam edip, şolar sebitleri ösdürmäge täze itergi berip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak üçin mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir.
Baýramçylyk lybasyna beslenen täze binalaryň çäginde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gazanan üstünliklerini wasp edýän aýdymdyr sazlar ýaňlandy. Işde tapawutlanan ýerli kärhanalaryň gurluşykçylaryna gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Himiýa senagatynyň kärhanalary önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrýarlar. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Guwlyduz» kärhanasynda täze önümhana açylyp, onda her ýyl ýodlaşdyrylan nahar duzunyň 40 müň tonnasy hem-de gerdejik görnüşli tehniki duzuň 2500 tonnasy öndüriler.
Duz köli bu kärhananyň çig mal binýady bolup hyzmat edýär. Ol Hazar deňziniň kenarynda Türkmenbaşy şäherinden 40 kilometr demirgazykda ýerleşip, ýurdumyzda nahar duzunyň iri tebigy ýatagy bolup durýar.
Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan GDA döwletleriniň hatarynda hem-de Merkezi Aziýada ilkinji, dünýäde dördünji döwlet bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň raýatlaryň saglygy hakynda alada etmegi netijesinde umumy kabul edilen halkara ölçeglere laýyklykda, ilatyny ýodlaşdyrylan duz bilen üpjün eden ýurt hökmünde ykrar edildi.
Bu önümçilik ekologiýa taýdan arassa we galyndysyz işleýär, çünki nebitgaz, dokma we beýleki pudaklarda, şeýle hem jemagat hojalygynda giňden ulanylýan ýokary hilli gerdejik görnüşli tehniki duz ýodlaşdyrylan nahar duzy taýýarlanylýarka howa göterilýän tozgalardan öndürilýär.
Täze desga «EKOSOLT» kompaniýasynyň döwrebap kuwwatly enjamlary bilen üp jün edildi. Duz kölünden alynýan çig mal bu ýerde gaýtadan işlemegiň birnäçe tapgyryndan geçýär, suw bilen ýuwulýar we guradylýar. Taýýar önüm ilata ýerlemek üçin 1 we 2 kilogram agramly plastik bedrejiklere, şeýle hem kagyz haltalara gaplanylýar. Olaryň hil görkezijileri bu ýerdäki barlaghanada anyk kesgitlenilýär.
Şu gün S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginiň çäginde ýyladyşhana toplumy ulanylmaga tabşyryldy. Desga Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Altyn tug» hususy kärhanasyna bölünip berlen 12 gektar ýerde bina edilip, onuň 11 gektary gök ekinleri ýetişdirmäge niýetlenendir.
Täze gurlan desga hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny, kiçi we orta işewürligi hemmetaraplaýyn goldamak baradaky başyny başlan döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň tassyknamasy boldy.
Bu ýerde, özleşdirilen meýdanlaryň esasy böleginde ýokary hasyllylygy hem-de ajaýyp tagam häsiýeti bilen tapawutlanýan pomidorlaryň birnäçe görnüşi, şol sanda «çerri» görnüşi hem ýetişdirilýär. Öndürilýän önümleriň görnüşlerinde, şeýle hem ýurdumyzyň demirgazygynda ýyladyşhana şertlerinde we senagat möçberinde ilkinji gezek ýetişdirilen ýertudanalarynyň üç görnüşi hem-de gyzyl we sary bulgar burçlary bar.
Täze toplum daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de ilaty ýylyň dowamynda ter miwe we gök önümler bilen üpjün etmek baradaky maksatnamany amala aşyrmaga uly goşant goşar. Bu ýöriteleşdirilen, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýokary tehnologiýaly kärhana bolup durýar.
Ol önüm öndürmek üçin has oňaýly şertleri awtomatik ýagdaýda döretmäge, şol sanda kesgitlenen howa hem-de ýagtylyk ýagdaýlarynyň, çyglylygyň berjaý edilmegini hem-de topragyň ýokumly maddalar bilen baýlaşdyrylmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. 150-den gowrak iş orunlary döredilen toplum bir ýylda ekologiýa taýdan arassa pomidorlaryň 2 müň tonnasyny we ýertudananyň 100 tonnasyny öndürer.