RESMI HABAR

Halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ýurdumyzda olimpiýa hereketini ösdürmek, şeýle hem döwletimiziň halkara sport abraýyny has-da belende götermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Türkmenistanyň Tennis federasiýasy hem-de Halkara tennis federasiýasy bilen bilelikde 2020-nji ýylyň 8 — 15-nji iýuny aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşynyň tapgyryny geçirmäge ygtyýar berildi.
Şeýle hem ýokarda agzalan halkara ýaryşynyň tapgyryny geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Türkmenistanyň Tennis federasiýasy hem-de Halkara tennis federasiýasy bilen ylalaşyp, ýokarda agzalan halkara ýaryşynyň tapgyryny geçirmek baradaky Düzgünnamany taýýarlamak hem-de tassyklamak tabşyryldy.