ÝURDUMYZYŇ GÜNDOGARYNDA MALDARÇYLYKDA HUSUSYÝETÇILERIŇ SANY ARTÝAR

photo

Lebap welaýatynda et-süýt öndürmäge gönükdirilen hususy fermer hojalyklarynyň sany barha artýar. Oba hojalyk önümçiliginiň bu pudagyndaky telekeçilik taslamalary döwlet tarapyndan toplumlaýyn goldaw berilmegi netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu ýyl Amyderýa jülgesinde iri fermer hojalyklarynyň birnäçesi döredildi we olar ýokary netijeli ýöredilýär.

Mysal üçin, Saýat etrabyndan telekeçi Ş. Saýypow «Azatlyk» daýhan birleşiginde ýerleşýän fermer hojalygygynda ýokary önümli tohum sygyrlarynyň 150-den gowragyny idedýär. Ot-iým taýýarlamak üçin telekeçä Garagum derýasynyň kenarynda 265 gektar tarp ýer uzak möhletleýin ulanylmaga berildi. Ýakyn wagtda eti we süýdi gaýtadan işleýän hem-de islegli önümleri çykarýan döwrebap önümçiligi işe girizmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda bu kärhananyň gurluşygy alnyp barylýar.

Şeýle mysallar gündoagr sebitde edil tutuş ýurtda bolşy ýaly, az däl. Fermer hojalyklary, gaýtadan işleýän kärhanalar alyjylar bazaryny ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmäge saldamly goşant goşýarlar.