TÄZE ÝYL ART-BAZARY: EL HÜNÄRINIŇ BAÝRAMY

photo

Art-bazar geçirilýän güni «Bagtyýarlyk» söwda-dynç alyş merkezine ýetip barýarkak indiki, 2020-nji syçan ýylynda täze ýyl eksklýuziw ýarmarkasynyň baş gahrymany hem ak syçan bolar öýdüp çak edýärdik. Dogrudanam, her hili syçan şekilli zatlar öte kän bolsa-da, her hili baýramçylyk sowgatlyklarydyr elde ýasalan üýtgeşik eserlerem olardan az däldi.

Ilki duşanymyz nakgaş Baba Owganow boldy, ol isleg bildirenleriň ekspress-portretini çekýärdi, galyberse-de, sungat eseriniň döreýşiniň syryny bilesi gelýänler az däldi. Akkordeonçy Sergeý Witalýewiç Isakow dürli sazlar bilen baýramçylyk ruhuny döredýärdi.

Olaryň gapdalynda art-bazaryň toparynyň ösüş aýratynlygy tapawutly çagalar üçin «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde guran Täze ýyl şowhuny ýaýbaňlandy.

Gülkünç uzyn boýly gurjaklaryň eşigini geýen meýletinler bu ýere gelen körpeleri tansa çagyrsa, improwizirlenen sahnada «Element» ansamblyndan Ýuliýa Kadyrowa bilen Muhammet Ýuman şadyýan çagalar aýdymlaryny aýdýardylar. Ata-eneler şadyýan balalarynyň begençli pursatlaryny ýadygärlik üçin surata alýardylar, körpelere süýji sowgat we gül şekilli şarjagaz gowşurylýardy. Iň esasy-da, her bir çaga Aýaz babanyň adyndan ýörite hat berilýärdi.

Biz Bägül Ýazmyradowanyň işleri bilen tanyşýarys, ol bu ýere abstraksionizm žanrynda suratlary, alajaly bezeg pannolary getripidir... Bägül çagalaykdan hünjili nagyş çekmegi halaýar. Indi ençeme ýyll bäri bu onuň güýmenjesi bolup galdy. Häzirki wagtda ol Bouygues kompaniýasynda terjimeçi bolup işleýär, boş wagty bolsa art-bazarlaryň birinem sypdyrmaýar.

Stollaryň birinde dürli şekiller salnan kädiler, gysby uşak suratly gyzyl çaý serwizi goýlupdyr. Gaty üýtgeşik zat! Olaryň gapdalynda bolsa syçan şekilli toýun teňňe salynýanlar bar. Olaryň awtory Amangül Çaryýewa eken.

Başga bir diwarçada Anna Bira bilen onuň kömekçi zenanlarynyň ikisiniň elinden çykan örülen syçanlar, Aýaz baba, bezemen arçajyklar goýlupdyr.

-Satan zadyňyz boldumy?

-Guran mandarin.

-Guran mandarin diýdiňizmi? Olaryň nämesi gowy diýsene!

-Indi olary Täze ýyl bezeginde köp ulanýarlar...

-Täze ýylyňyz gutly bolsun! Söwdaňyz oňsun!

Är-aýal Filipçenkolar panbarhatda çekilen žiwopis eserini teklip etdiler. Dmitriniň asly käri nakgaşlyk, Mariýa bolsa adamsynyň eserini panbarhat mata böleklerinden tikilen bägüller bilen bezäpdir.

Gulýa Gylyjowa islendik öýe bezeg beribiljek atanak nagyşly suratlary görkezdi.

Olesýa Abakumowa bu ýere gelenlere skandinawlaryň al-arwahlaryny teklip edýärdi. Skandinaw halklarynda maşgala agzybirlik we abadanlyk getirýär diýlip yrym edilýän bu hyýaly jandarlaryň gözi ýok. Olar öýi ýaramaz gözden goraýar diýlip yrym edilýär.

Gurluşyk-binagärlik institutynyň mugallymy Şasenem Berdimyradowa arça üçin karkas taýýarlap, ony alaja bilen bezäpdir.

Ine-de, ozalky art-bazarlardaky tanşymyz Luiza Sabitowa, oňa bu ýerde hormat goýup Luiza hanum diýýärler. Ol bizi golaýda «Aşgabat» söwda merkezinde açan sowgatlyklar dükanyna çagyrdy, şol ýerde hem 2020-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda özboluşly pikirlenip, geň-enaýy zatlary döredip bilýän ussatlaryň üýtgeşik ýarmarkasy geçiriler.