TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNA TÄZE ÝYL GUTLAGLARY GELIP GOWUŞÝAR

photo

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


Täze, 2020-nji ýylyň başlanmagy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň dostlukly halkyna tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de ösüş we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ýollamak meniň üçin uly hormatdyr.

Täze ýylda häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmekde, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy gazanmak hem-de Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin bilelikde hereket etmäge mümkinçiligiň boljakdygyna tüýs ýürekden ynanýaryn.

Şeýle hem Täze ýylda ýurtlarymyzyň halklarynyň röwşen geljeginiň bähbidine dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ilerletmek boýunça bilelikdäki tagallalarymyzyň dowam etjekdigine umyt edýärin.

Siziň Alyhezretiňize iň gowy arzuwlarymy ýene-de bir gezek beýan etmek bilen, Türkmenistanyň dostlukly halkyna hem-de dünýäniň ähli halklaryna ösüşi we abadançylygy arzuw edýärin.

Täze, 2020-nji ýylyňyz gutly bolsun!

Çäksiz hormat goýmak bilen,
Abdel Fattah Al-Sisi,
Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti.

 

***


Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


Täze ýyl gutlaglarymy hem-de Täze ýylda ähli gowulyklar baradaky arzuwlarymy kabul ediň!

Abdul Hamid,
Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti.

 

***


Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


Täze ýyl gutlaglarymy hem-de Täze ýylda ähli gowulyklar baradaky arzuwlarymy kabul ediň!

Narendra Modi,
Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=13788