ÇÄRJEW ETRABYNDA TÄZE ÝGB IŞE GIRIZILDI

photo

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda täze ýylyň öň ýanynda işe girizilen täze ýangyç guýujy beket ilkinji müň awtomobile hyzmat etdi. Ol Faraba barýan ýoluň ugrunda ýerleşendir we gije-gündiziň dowamynda 750 awtomobile hyzmat etmäge niýetlenendir. Iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen bekedi «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Lebapdaky hojalyk hasaplaşykly abatlaýyş-gurluşyk uçastogynyň hünärmenleri gurdylar.

Bu ýerde ýangyç guýujy kolonkalaryň dördüsi, şeýle hem tehniki taýdan hyzmat ediş nokady, ätiýaçlyk şaýlar dükany, awtoduralga bar.

Şu ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň gündogar sebitiniň Darganata etrabynda hem şu kysmy ÝGB işe girizmek göz öňünde tutulýar.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=13794