TÜRKMENABADYŇ ÝÜPEK GURÇUGYNYŇ TOHUMYNY TAÝÝARLAÝYŞ ZAWODY GURÇUK ÇIG MALYNYŇ ÖNDÜRILIŞINI ARTDYRAR

«Lebapýüpek» ÖB-niň Türkmenabatdaky ýüpek gurçugynyň tohumyny taýýarlaýyş zawodynyň toplumlaýyn durkuny täzeleýiş işleri tamamlandy. Täze sehleriň ikisi guruldy, hereket edýän tehnologik enjamlar döwrebaplaşdyryldy, bu bolsa önümçiligi amatlaşdyrmaga we kärhananyň işgärleriniň iş şertlerini gowulandyrmaga mümkinçilik berdi.
Mälim bolşy ýaly, Amyderýanyň kenaryndaky şäheriň ýüpek gurçugynyň tohumyny taýýarlaýyş zawody – bu ugurdan Türkmenistanda ýeke-täk kärhanadyr. Onuň binýadynda «Lebapýüpek» ÖB-niň tejribe stansiýasy hereket edýär, onuň hünärmenleri seçgi işlerini alyp barýarlar. Garaşsyzlyk ýyllarynda bu ýerde tut gurçugynyň «Türkmen-13», «Türkmen-16», «Ak pile-1», «Ak pile-2», «Dostluk-1», «Dostluk-2» ýaly naýbaşy görnüşleri çykaryldy, olaryň gurçugyndan ýokary hilli ýüpek sapagy alynýar.
Kärhana ýüpek gurçugynyň tohumy Çärjew etrabynda ýerleşýän hyzmatdaş daýhan birleşikleriniň ikisinden alýar. Tohumlyk gurçuklar zawodyň laboratoriýasynda ýüpek berijilik görkezijileri boýunça dykgatly saýlanylýar.
Geçen ýyl zawodda 168 kilogramdan gowrak çaknyşdyrylan ýüpek gurçugynyň tohumy öndürildi. Täze, 2020-nji ýylda 200 kilogram gymmatly çig mal öndürmek göz öňünde tutulýar.