PAÝTAGTYMYZYŇ KÄRHANASY GYZGYNA DURNUKLY KERPIÇ ÖNDÜRILIŞINI ARTDYRÝAR

«Türkmendemirbeton» ÖB-niň paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän demir-beton önümleri zawodynda toýundan gyzgyna durnukly kerpijiň bir ýarym müň tonnasy taýýarlanyldy. Birnäçe aý mundan ozal açylan önümçilik uçastogynyň önümlerine uly isleg bildirilýär.
Ol ýurdumyzda senagat peçleri we daş ojaklary gurmak hem-de olaryň durkuny täzelemek üçin oda çydamly kerpiç çykarýan ýeke-täk kärhanadyr. Şu ýyl zawodda 3500 tonna islegli material çykarmak göz öňünde tutulýar.
Gyzgyna durnukly kerpiç önümçiliginde Balkan welaýatyndaky känden ak şykgy ulanylýar. Çig mal hökmünde ak toýunyň ulanylmagy 1200 gradusdan-da ýokary gyzgynlyga, şeýle hem ençme gezek gyzdyrylyp-sowadylmagyna çydamly önüm almaga mümkinçilik berýär.