RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikalaryndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak, agrotehniki çäreleri ýokary hilli durmuşa geçirmek arkaly, pagtanyň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine:

Kärendeçileri ýerden peýdalanyjylaryň we ýer eýeleriniň işini ýokary derejede guramak arkaly 2020-nji ýylda ýurdumyz boýunça pagta öndürmegiň degişli möçberini üpjün etmek;

gowaçanyň tohumlaryny etraplar boýunça toprak-howa şertlerine görä, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda ýerleşdirmek tabşyryldy.

Pagta öndürijiler bilen şertnama baglaşmak esasynda olary agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda amatly möhletlerde:

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine gowaça ekiljek meýdanlary ýokary hilli gowaça tohumynyň ýeterlik möçberi bilen, ýerleri ekişe taýýarlamak, gowaça ekmek, oňa ideg etmek we pagta ýygmak bilen bagly tehniki hyzmatlar bilen üpjün etmek;

Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine degişli suwaryş suwy bilen üpjün etmek;

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine dökünleriň degişli möçberi bilen üpjün etmek tabşyryldy.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=13815