RESMI HABAR

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň gaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygyny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konsernine Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygy üçin dürli serişdeleri we enjamlary satyn almak, şeýle hem telemehanika we dolandyryş, aragatnaşyk “SÑADA” ulgamynyň hem-de gaz ölçeýji bekediň toplumyny getirmek we gurnamak barada Malaýziýanyň «Serba Dinamik Sdn. Bhd» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Işlere 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak we desgalary 2022-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.