RESMI HABAR

photo

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen haly önümleriniň önümçiligini talabalaýyk ýola goýmak, daşary ýurtlara ýerlenilýän haly önümleriniň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşigini Ministrler Kabinetiniň tabynlygyna bermek hem-de ony «Türkmenhaly» döwlet birleşigi diýip atlandyrmak bellenildi.

«Türkmenhaly» döwlet birleşigine Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Adalat ministrligi bilen bilelikde «Türkmenhaly» döwlet birleşigi hakyndaky Düzgünnamanyň, onuň merkezi edarasynyň gurluşynyň taslamalaryny hem-de işgär sanawyny taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Dokma senagaty ministrligi we «Türkmenhaly» döwlet birleşigi Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri taýýarlamaga hem-de Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=13893