RESMI HABAR

photo

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Hazar sebitinde halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, Hazar deňziniň daşky gurşawyny gorap saklamak, sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara gatnaşyklary berkitmek we Hazarýaka döwletleriň degişli edaralarynyň işgärlerini okatmak we olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2020-nji ýylyň 9 — 20-nji marty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Hazar deňzi institutynyň we Halkara ummanlar institutynyň hyzmatdaşlyk etmeginde «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw maslahatyny geçirmek bellenildi.

Daşary işler ministrligine we Hazar deňzi institutyna okuw maslahatyny talabalaýyk guramagy we geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=13893