ÖZBEK BILERMENI KARTOŞKANYŇ AGROTEHNIKASYNYŇ NOWASIÝALARY BARADA GÜRRÜŇ BERDI

Aşgabatda ýurdumyzyň şertlerinde kartoşkanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça seminar geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýardam bermeginde durmuşa geçirilýän bäsdeşlige ukyplylyk, söwda we iş ýerlerini döretmek boýunça USAID sebit taslamasynyň çäklerinde guraldy.

Okuwy oba hojalyk pudagynda köp tejribe toplan özbegistanly bilermen Durbek Halikow geçirdi. Ol gurak ýerlerde kartoşka ýetişdirmegiň döwrebap agrotehniki usullary barada gürrüň berdi.

Kartoşka wajyp azyk önümleriniň biridir. Bu jähtden oba hojalyk önümlerini öndürýänleriň esasy wezipesi – onuň hasyllylygyny ýokarlandyrmakdyr. Bu işde görnüş seçgisi we agrotehniki nowasiýlar ileri tutulýan ygyrlardyr.

Bellenilişi ýaly, kartoşkanyň hasyllylygy howa şertlerine, topragyň işläp bejerilişiniň hiline, saýlanan görnüşine, kesellerden we zyýan beriji mör-mojeklerden akylly-başly goralyşyna, dökünleriň ýerlikli saýlanylyşyna we iýmitlendiriş düzgünlerine, başga-da ençeme ýagdaýlara baglydyr.

Durbek Halikow özbek kartoşkasynyň altysynyň awtordaşydyr. Bilermeniň aýtmagyna görä, türkmen ekarançylarynda bu ekiniň öndürilişini ýokarlandyrmaga we geljekde ony eksport etmäge ähli mümkinçilikleri bar.

12-nji fewraldan 14-nji fewral aralygynda bilermen we seminara gatnaşyjylar Türkmenistanyň dürli sebitlerindäki atyzlara baryp görerler.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=13923