GERMANIÝADA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGYNYŇ BELLENILMEGINE BAGYŞLANAN ÇÄRELER DOWAM ETDIRILÝÄR

photo

Edil Türkmenistanda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan hem-de biziň ýurdumyzda 2020-nji ýylyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleriň geçirilmegi dowam edýär.

Şunlukda jemgyýetçilik ulaglary, ýagny Germaniýanyň Wisbaden şäheriniň awtobuslary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan bannerler bilen bezeldi. Mundan başga-da ýerli «МК-Germaniýa» gazetinde şu ýylda ähmiýetli taryhy senäniň dabaraly bellenilmegi bilen birlikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýetini giňişleýin açyp görkezýän makala hem çap edildi.

https://neutrality.gov.tm/news/40/