RESMI HABAR

photo

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet gullukçylaryny taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda giň mümkinçilikleri döretmek, şeýle hem paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada «Baýly — Gurluşyk» hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2020-nji ýylyň mart aýynda başlamak we binalar toplumyny 2022-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14036