TÜRKMENISTAN MEDENIÝET ULGAMYNYŇ ÖSDÜRILMEGINE YGRARLYDYR

photo

Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşip, Türkmenistan medeni mirasy gorap saklamaga we ýurtda medeniýet ulgamyny ösdürmeklige uly ähmiýet berýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan bu ugurda köp işleri etdi. Ol işler “Türkmenistanyň medeniýet ulgamy” atly ýörite şekillendirilen neşirde şöhlelendirilýär. Bu kitap Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk statusyna eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna hem bagyşlanan. 

 

Medeniýet ulgamy ýurduň ösüşinde uly rol oýnaýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, medeniýet güýjüň egsilmez çeşmesi bolup, ol her bir halkyň milli aýratynlyklaryny kemala getirmäge ýardam edýär, ýakynlaşmagyň ruhy köprüsi bolup durýar. 

 

“Türkmenistanyň medeniýet ulgamy” atly kitapda baý türkmen medeniýeti, şol sanda kitaphana, muzeý, teatr, neşir işleri, Türkmenistanyň maddy we maddy däl medeni mirasy, aýdym-saz sungaty, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işi, şeýle-de döwletleriň arasynda hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen halkara medeni çäreler giňden beýan edilýär. 

 

Şeýle-de kitapda dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna, şeýle-de ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” hem-de ÝUNESKO-nyň “Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna” girizilen maddy we maddy däl gymmatlyklar barada aýratyn bellenip geçilýär. 

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/