“TÜRKMENISTANYŇ BILIM, YLYM, SAGLYGY GORAÝYŞ WE SPORT ULGAMLARY” ATLY ÝURDUMYZYŇ BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN NEŞIR ÇAP EDILDI

photo

Şu ýyl Türkmenistan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesini almagynyň şanly 25 ýyllygyny giň gerim bilen belleýär. Dabaraly senäniň şanyna döwletimiziň ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynyň köp ýyllaryň dowamynda durmuşa geçiren işlerini giňişleýin şöhlelendirýän şekillere baý bolan ýörite neşirler çap edildi. Şeýle neşirleriň biri hem “Türkmenistanyň Bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlary” atly neşir bolup durýandyr.

 

Türkmenistanda döwlet syýasatynyň örän möhüm ugurlary hökmünde bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň düşünjeli, çuňňur bilimli, watansöýüji ýaş nesli kemala getirmek babatdaky düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu neşirde ýaşlara ýokary hilli bilim bermek, bilim edaralaryny okuw kitaplary hem-de gollanmalar bilen üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary, öňdebaryjy kompýuter we multimedia enjamlaryny ornaşdyrmak babatynda Türkmenistanyň ýeten üstünlikleri şöhlelendirilýär.

Şeýle hem Türkmenistanda saglygy goramak we berkitmek hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek ugrunda degişli çäreler geçirilýär. Neşirde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” maksatnamasynyň we beýleki milli strategiýalaryň çäklerinde bu ulgamda düýpli özgerişlikler alnyp barylandygy bellenilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda ilaty lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalar bilen ornaşdyrylan birnäçe saglygy goraýyş edaralar guruldy.

Soňky 10 ýylyň dowamynda Türkmenistanda jemgyýetiň ösüşiniň aýrylmaz bölegi bolup durýan bedenterbiýe we sport ulgamynda, köpçülikleýin bedenterbiýe we ýokary netijeli sport ugrunda hil taýdan uly ösüşler gazanyldy. Türkmenistan halkara sport hyzmatdaşlygyny we parahatçylygy, dostlugy, hem-de konstruktiw hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen halkara derejesinde başlangyçlary öňe sürýär.

https://neutrality.gov.tm/news/43/