TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BAŞTUTANLYGYNDA ÝURDUŇ OBA-HOJALYK TOPLUMY ULY SEPGITLERE ÝETDI

Türkmenistanyň oba-hojalyk toplumyny kämilleşdirmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri utulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurtda oba-hojalygy yzygiderli ösdürilýär, daşky gurşawy goramak boýunça işler, şol sanda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalar we taslamalar dowam etdirilýär. Şu ýyl, Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny giňden belleýär. Taryhy senäniň şanyna ýurtda Türkmenistanyň oba-hojalyk toplumynyň işiniň netijelerine bagyşlanan ýörite neşir çapdan çykdy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy wezipesi oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Ýurtda oba hojalyk pudagyny özgertmek, ösdürmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döredip, daşary ýurtlardan getirilýän möçberini azaltmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki zaman ösen tehnologiýalarynyň we ylmy-oba hojalygyň ýeten derejelerini ornaşdyrmakdaky öňdebaryjy tejribä esasy üns berilýär.
Şeýle hem ýurtda oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek, ýer, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy gorap saklamak we baýlaşdyrmak bilen bagly alnyp barylýan uly möçberli işler barada ýokarda agzalan neşirde: “Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi”, “Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti”, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi ýaly bölümlerde aýdylýar.
Neşirde şeýle hem däne ekinleriniň önümçilik birleşikleriniň, pagta önümçilik birleşikleriniň, maldarçylyk hojalyklarynyň, Döwlet weterinariýa gullugynyň, Döwlet karantin gullugynyň, Tohumçylyk we sort-synag döwlet gullugynyň, Ösümlikleri goramak gullugynyň, Daşky gurşawy goramak gullugynyň, Ýer serişdeleri gullugynyň durmuşa geçirýän işleri barada aýratyn bellenilip geçilýär.