ÝURDUMYZYŇ ULAG WE KOMMUNIKASIÝA PUDAKLARYNYŇ ÖSDÜRILMEGI - TÜRKMENISTANYŇ ILERI TUTÝAN UGURLARYNYŇ HATARYNDADYR

photo

Türkmenistan ulag gatnaşyklaryny ösdürmegiň hem-de kommunikasiýalary ulgamyna tehnologiýanyň iň soňky gazananlarynyň hemmetaraplaýyn ornaşdyrylmagynyň tarapdary bolup durýar. Bu barada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli çap edilen “Türkmenistanyň ulag we kommunikasiýa toplumy” atly ýörite neşirde giňden beýan edilýändir. 

Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri hem sanly ykdysadyýete geçmek bolup durýar. Neşirde öýjükli aragatnaşyk, internet, sanly telewideniýe bilen bir hatarda kommunikasiýa hyzmatlarynyň dürli görnüşleri ornaşdyrylandyr. Ýurdumyzda bar bolan häzirki zaman maglumat ulgamy söwda hyzmatlarynyň berlişiniň giňeldilmegine, elektron resminama dolanşygyna, maglumatlaryň tiz geçirilmegine ýardam berýär we bu öz nobatynda önümçiligiň netijeliligini ähmiýetli derejede ýokarlandyrýandyr.

Türkmenistan özüniň ilkinji «TürkmenÄlem 52º E» hemrasyny äleme çykarmak bilen älem giňişligini öwrenýän we özleşdirýän döwletleriň hataryna goşuldy. 

Neşirde şeýle-de ýurdumyzyň ulag ulgamynyň ösüşi barada hem aýdylýandyr.Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň demir ýol aragatnaşygy kämilleşdirilýär, howa menzilleri dörebaplaşdyrylýar. Bu sebitiň ýurtlary bilen durmuş-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ähmiýetli goşant goşýar. Demir ýol pudagynyň içerki bazarymyzy daşary ýurt harytlary bilen üpjün edilmeginde we türkmen harytlarynyň daşary ýurtlara eksportynyň üpjünçiliginde orny ähmiýetli bolup durýandyr. 

Şeýle-de neşirde Türkmenistanyň awtoulaglar boýunça ýedi sany halkara konwensiýalarynyň we ylalaşyklarynyň agzasy bolup durýandygy hem beýan edilendir. Ýurdumyzyň ýaşaýjylary ýokary hilli jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanýarlar. Döwletimizde häzirki zaman ýolagçy awtoterminallary gurulýar. Türkmenistan tarapyndan dünýäniň dürli ýurtlary bilen awtoulag aragatnaşygy boýunça 18 sany ylalaşyklara gol çekilendir. 

Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça deňiz ulagy arkaly ýükleriň daşalmagynyň ähmiýetiniň ýokarlandyrylmagy üçin bäsdeşlige ukyply bolan Türkmen milli flotunyň döredilmegi boýunça milli taslamalar doly göwrümde durmuşa ornaşdyrylandyr. Neşirde Ýewropadan Aziýa ýük daşamak ýollarynyň çatrygynda ýerleşen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň ähmiýeti aýratyn bellenilip geçilendir.

https://neutrality.gov.tm/news/44/