ÝURDUMYZYŇ YKDYSADY ÖSÜŞINDE TÜRKMENISTANYŇ NEBIT-GAZ PUDAGYNYŇ ÄHMIÝETI

Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýelemek bilen, ýurtda, sebitde we bütin dünýäde ykdysady we durmuş taýdan ösüşi üpjün etmekde Türkmenistan nebit-gaz pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge ymtylýar.
Şu ýyl Türkmenistan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesini almagynyň şanly 25 ýyllygyny giňden dabaralandyrýar. Bu taryhy sene mynasybetli ýurdumyzda döwletimiziň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynyň köpýyllyk işlerini giňden şöhlelendirýän neşirler çap edilendir. Şeýle neşirleriň biri hem Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna bagyşlanan ýörite neşir bolup durýar.
Bu neşirde energetika, himiýa önümçiligi we beýleki möhüm ugurlar boýunça hereket edýän ähmiýetli desgalar bilen birlikde ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň kuwwaty beýan edilýär. Ägirt uly energetiki mümkinçiliklerine eýe bolmak bilen biziň ýurdumyz ekologiki taýdan arassa ýangyjyň dünýä bazarlaryna eksport edilmeginiň köpugurly infrastrukturasyny kemala getirýär. Bu ulgamda durmuşa ornaşdyrylýan taslamalar sebit hem-de global energetiki howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde uly orun eýeleýändirler.
Bu ähmiýetli ugurlarda Türkmenistanyň abraýly daşary ýurt kompaniýalary bilen önjüýli hyzmatdaşlyk saklaýandygy we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisiniň, Transhazar gaz geçirijisiniň we beýleki iri taslamalaryň gurluşygy ýaly iri göwrümli we strategiki taýdan möhüm taslamalary durmuşa geçirýändigi bellenilip geçilendir.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanda senagat maksatly müňlerçe desgalar gurlup ulanmaga berilendir. Neşirde halkara ölçeglerinde bina edilen desgalaryň ençemesi mysal getirilendir, olaryň arasynda 2019-njy ýylda Ahal welaýatynda dünýäde ilkinji senagat ölçeglerinde tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň ulanylyşa girizilmegi ähmiýetli waka boldy. Bu senagat toplumy «Tebigy gazdan benzin önümçiligi boýunça dünýädäki ilkinji zawod» hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi, şeýle-de oňa Şweýsariýanyň federal tehnologiýa institutynyň «Innowasiýa tehnologiýalary» we Daşky gurşawy goramak Gaznasynyň (ABŞ) «Ekologiki taýdan arassa» şahadatnamalaryna mynasyp boldy.