TÜRKMENISTANYŇ SÖWDA TOPLUMY – GARAŞASYZLYK ÝYLLARY IÇINDE DURMUŞA GEÇIRILEN IŞLERIŇ GÖRNETIN NETIJELERI

photo

Şu ýyl Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny giňden dabaralandyrýär. Taryhy sene mynasybetli ýurdumyzda Türkmenistanyň söwda toplumynyň işleriniň netijelerine bagyşlanan ýörite neşir çapdan çykaryldy. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegine, hususy pudagyň giňeldilmegi üçin oňyn şertleriň döredilmegine we dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda öňbaşçy orny eýeleýän Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Dokma senagaty ministrligi, şeýle-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýaly ýurdumyzyň döwlet düzüm birliklerine uly orun degişli bolup durýandyr. Ýokarda görkezilen neşirde bu pudak edaralarynyň, şeýle-de ýurdumyzyň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegine agramly goşantlaryny goşýan beýleki birnäçe ähmiýetli düzümleriniň işleri barada giňişleýin gürrüň edilýär. 

Neşirde geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň sebitde, edil şonuň ýaly-da onuň çäginden daşarda hem möhüm eksport edijileriň birine öwrülendigi aýdylýar. Dünýä bazarlarynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň, himiýa senagatynyň önümleriniň ähli görnüşleri, trikotaž we dokma önümleri, nah ýüplükleri, ýüňden edilen önümleri, şeýle-de ýerli öndürijileriň azyk harytlary uly islegden peýdalanýandyr. 

 

Türkmenistanyň döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ilerletmegi üçin ygtybarly platformany döredýändigi, şeýle-de dünýäniň öňdebaryjy işewürlik düzümleriniň ünsüni özüne çekýändigi aýratyn bellenilip geçilendir. Türkmenbaşy şäherinde Birinji Hazar ykdysady forumynyň we onuň çäklerinde Halkara Hazar innowasion tehnologiýalarynyň, şeýle hem «Türkmen sähra – 2019» atly halkara awtoulag sergisiniň geçirilmegi sergi-ýarmarka çäreleriniň guramaçylygy babatynda Türkmenistanyň bar bolan mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn açyp görkezýändir. 

 

 

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen adam maýasynyň ösdürilmegi we adamyň zehininiň ykdysady ösüşiň esasy faktoryna öwrülmegi arkaly milli hünärmenleriň bäsdeşlige ukyplylyklarynyň ýokarlandyrylmagyna, eksportyň diwersifikasiýasyna we ýurduň ykdysadyýetiniň import düzüjileriniň azaldylmagy bilen döwletiň söwda boýunça kuwwatynyň artdyrylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlygy aýratyn ähmiýetli bolup durýandyr. 

https://neutrality.gov.tm/news/46/