DÖWLET BAŞTUTANYNYŇ ADYNA HAT GELIP GOWUŞDY

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident,


Amerikanyň halkynyň adyndan Sizi we Türkmenistanyň halkyny Nowruz baýramy bilen gutlaýaryn.

Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak ugrunda oňyn hyzmatdaşlyk üçin Size hoşallyk bildirýärin hem-de Siziň ýurduňyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Merkezi Aziýa we Hazar sebiti ýurtlary bilen gatnaşyklary giňeldýändigini goldaýaryn.

Biziň döwletlerimiziň, işewür toparlarymyzyň hem-de halklarymyzyň arasynda gatnaşyklaryň geljekde hem pugtalandyryljakdygyna ynam bildirýärin.

Nowruz baýramyňyz gutly bolsun!

Hormatlamak bilen,
Donald Tramp,
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14076