HORMATLY PREZIDENTIMIZ SÖWDANY WE TELEKEÇILIGI ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjowyň hem-de bu topluma degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň barşynda 2025-nji ýyla çenli sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge degişli wezipeler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen bagly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty açyp, söwda ulgamynyň halk hojalyk toplumynyň okgunly ösýän pudaklarynyň biridigini belledi. Bu ulgam milli ykdysadyýetde özgertmeleriniň bazar gatnaşyklaryna geçiş şertlerinde aýratynlyklaryny aýdyň görkezýär. Söwda toplumynyň ösdürilmegi durmuş abadançylygynyň, ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriniň üstünlige eýe bolýandygynyň möhüm görkezijisidir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, oba hojalygyny, gaýtadan işleýän önümçilikleri ösdürmek hem-de türkmen ykdysadyýeti üçin täze senagat ugurlaryny döretmek boýunça giň gerimli işleriň amala aşyrylmagy netijesinde Diýarymyzda dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň sanawynyň artýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz içerki haryt dolanyşygynyň möçberiniň artmagynyň ilatymyzyň abadançylygynyň we ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýändigini nygtady. Şunuň bilen birlikde, daşary söwda dolanyşygynda importyň we eksportyň düzümleýin paýy döwletara hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn oňyn ösüşini, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň barha berkeýän işewürlik gatnaşyklaryny aýdyň görkezýär.

Bu ugurda gazanylan netijeler «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäniň durmuşa geçirilmegi babatda bu ulgamyň öňünde goýlan wezipeleriň möhümdigine şaýatlyk edýär.

Iş maslahatynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarowa söz berdi. Ministr sanly ulgama geçilmegini işjeňleşdirmek hem-de içerki bazarlary azyk harytlary bilen bolelin üpjün etmek maksadynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şol işler söwda ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, daşary söwda dolanyşygynyň mukdaryny köpeltmäge, işewür hyzmatdaşlar bilen ygtybarly özara gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligini artdyrmaga, ilata hyzmat etmegiň medeniýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Mundan başga-da, içerki bazarlary öz önümlerimiz bilen üpjün etmek maksadynda gök-bakja, maldarçylyk önümlerini öndürijiler hem-de azyk kärhanalary bilen gündelik iş alnyp barylýar we olaryň çig mal üpjünçiligine ýardam berilýär.

Şeýle hem ministr ýolbaşçylyk edýän düzüminde ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi babatda söwda toplumynyň öňünde durýan wajyp wezipelere ünsi çekdi.

Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz azyk harytlarynyň talabalaýyk saklanylmagyny hem-de terligi bilen ilata ýetirilmegini üpjün etmek üçin welaýatlarda we Aşgabat şäherinde bar bolan sowadyjy ammarlardan ýerlikli peýdalanylmalydygyny hem-de olary döwrebaplaşdyrmagyň we kuwwatlyklaryny artdyrmagyň zerurdygyny aýdyp, bu babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz dokma senagaty ministri R.Rejebowa söz berdi. Ministr «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen möhüm wezipeleri amala aşyrmak hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, dokma pudagyny has-da ösdürmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça önüm öndürilişini artdyrmak, olaryň hilini ýokarlandyrmak, görnüşlerini artdyrmak, türkmen dokma önümlerini içerki we daşarky bazarlarda ýerlemek, şeýle hem ýerleýiş bazarlaryny öwrenmek hem-de döretmek, daşary ykdysady gatnaşyklary we marketingi ösdürmek boýunça çäreler görülýär. Bu ugurlardaky işler ýurdumyzyň dokma önümlerine bolan islegiň bütin dünýäde barha artmagyna ýardam berýär.

Şular bilen bir hatarda, Dokma senagaty ministrligi dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply önümleri çykarmaga gyzyklanmasyny ýokarlandyrmagy üpjün edýän ykdysady çäreleriň ulgamyny işläp taýýarlaýar. Şeýle hem pudagyň edara-kärhanalarynda sanly tehnologiýa babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça işler utgaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pudagy mundan beýläk-de ösdürmegi, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagy geljekki işleriň esasy ugurlary hökmünde kesgitledi.

Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda ozal hereket edýän kärhanalaryň durkuny täzelemek, ýokary tehnologiýaly täze toplumlary gurmak we goşmaça iş orunlaryny döretmek işlerine yzygiderli üns berilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de bu işleriň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň amala aşyrylmagy babatda möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Kaka we Babadaýhan etraplarynda gurulýan dokma toplumlarynyň wagtynda işe girizilmegi we şunuň bilen baglylykda, pudagyň eksport kuwwatyny has-da artdyrmak babatda möhüm çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz çykarylýan önümleriň halkara hil ölçegine we ekologiýa howpsuzlygyna kybap gelmegine aýratyn üns berilmelidigini belläp, dokma senagaty ministrine bu babatda anyk görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz şeýle hem önümçilige sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň, pudagyň hünärmenleri üçin amatly zähmet şertlerini döretmegiň ähmiýetini nygtady.

Soňra milli Liderimiz «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygy O.Işangulyýewa söz berdi. Hasabatda alnyp barylýan işler, türkmenleriň gadymdan gelýän elde haly dokamak sungatyny gorap saklamaga, kämilleşdirmäge we geljekki nesillere ýetirmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy.

El halylaryny dokamagy ösdürmek, haly we haly önümleriniň önümçiligini hem-de ýerlenilmegini kämilleşdirmek, el halyçylyk sungatynyň halkyň durmuşy bilen baglanyşykly baý milli mirasyny, medeniýetini, taryhyny açyp görkezmek boýunça bellenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, türkmen el halylarynyň öndürilişini, öndürilýän önümleriň mahabatyny üpjün etmek arkaly milli mirasymyzy dünýäde giňden wagyz etmek boýunça işleri işjeňleşdirmek barada görkezme berdi. Bu ugurda ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki söwda öýleriniň hyzmatyndan hem ýerlikli peýdalanylsa, maksadalaýyk bolar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýerli çig mal serişdelerini peýdalanmagy nazara alyp, bazaryň ýagdaýyny öwrenmek esasynda el halylaryny öndürmegiň we milli senetleri ösdürmegiň geljekki döwür üçin meýilnamalaryny işläp düzmegiň möhümdigini nygtady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sanly ykdysadyýetiň gazananlaryny nazara almak bilen, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek hem-de pudaga ornaşdyrmak zerurdyr.

Soňra Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýew hasabat bilen çykyş etdi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa azyk önümlerini öndürýän hususy kärhanalaryň çig mal we önümçilik serişdeleri bilen üpjünçiligine degişli meseleleriň çözülişi barada hasabat berdi.

Şeýle hem gök-bakja, et, süýt we beýleki gündelik zerur önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmak maksadynda degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde geçirilýän işler barada habar berildi.

Bellenilişi ýaly, azyk önümleri bilen bir hatarda, halkyň sarp edýän durmuş maksatly beýleki harytlaryny öndürýän hususy kärhanalaryň önümçilik zerurlyklary-da yzygiderli seljerilip, degişli ýardam bermek üçin guramaçylyk işleri alnyp barylýar.

Mundan başga-da, häzir alnyp barylýan möhüm gurluşyklary, hususan-da, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk toýy bellenilýän şu ýylda gurluşygy tamamlanyp, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalary bellenilen möhletinde we ýokary hilli gurup, ulanmaga tabşyrmak boýunça gözegçilik işleri ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmakda hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmakda we görnüşlerini giňeltmekde, azyk bolçulygyny üpjün etmekde hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artmagynda döwlete degişli däl ulgama möhüm ornuň degişlidigini nygtady.

Hut kiçi we orta telekeçilik pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de düzümini giňeltmek, eksport kuwwatyny berkitmek, öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak, ilaty iş bilen üpjün etmek babatda Türkmenistanyň söwda ulgamynyň mundan beýläk-de ösmegine güýçli itergi berdi diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly senesiniň toýlanyljak şu ýylynda ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilýän desgalarda işleriň bellenen möhletinde takyk we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak üçin hemme zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy.

Soňra Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Çaryýew biržanyň Türkmenistanyň haryt-çig mal serişdelerini ýerlemegiň netijeli syýasatyny ýöretmek hem-de lomaý haryt bazaryny ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek babatda ýerine ýetirýän işleri barada hasabat berdi. Birža söwdasyny guramak we alyp barmak, ýerlenilýän harytlar boýunça baha emele gelmeginiň netijeli usullaryny ornaşdyrmak, baglaşylýan eksport-import şertnamalarynyň bahalarynyň maksadalaýyklygyny kesgitlemek işleri degişli çäklerde alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda eksport-import amallaryny kadalaşdyrmagyň esasy edarasy hökmünde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Türkmenistanda öndürilýän önümleri daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmek işleri tassyklanylan Tertibe pugta laýyklykda alnyp barylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, şol sanda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmakda ulgamyň düzümleriniň öňünde duran wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda hemme tagallalaryň edilýändigi bellenildi. Ykdysadyýetimiziň kuwwatyny berkitmäge we giňeltmäge has-da uly üns bermek bilen, bu ugurda döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny berjaý etmek üçin hemme zerur çäreleriň görülýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oňa gatnaşyjylaryň öňünde amala aşyrylmaly işleri tabşyryp, möhüm wezipeleri kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipe öz ýurdumyzda öndürilýän önümleriň ýeterlik möçberinden artyk bölegini eksporta ibermekden, bazarlaryň işinde sazlaşyklygyň üpjün edilmegini gazanmakdan, ilatyň azyk önümleri bilen üpjünçiligini pugtalandyrmakdan ybaratdygyny belledi. Şu işlerde halkyň hal-ýagdaýy we abadançylygy ykdysady bähbitden ileri tutulmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgamy ornaşdyrmak baradaky meselä ünsi çekip, iş dolandyryş babatda täze, döwrebap usullary kesgitlemegi hem-de şol usullary önümçilige giňden ornaşdyrmagy, marketing-menejment işini kämilleşdirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz dokma kärhanalarynyň çig mal bilen özümizde doly üpjün edilip, önümleriň taýýar önüm görnüşde çykarylýandygyna ünsi çekip, bu ugurda önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz dokma önümleriniň görnüşlerini giňeltmek hem-de şol önümleriň halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak barada görkezme berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze halyçylyk önümhanalarynyň gurluşygyny üns merkezinde saklamagy, önümçilik düzümlerini döwrebaplaşdyrmagy tabşyryp, halyçylykda ene-mamalarymyzdan gelýän dessurlary ornaşdyrmagyň hem-de olary döwrebap derejede kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz onlaýn söwdany ýola goýmagy hem-de sargytlary eltip bermek ulgamyny giňeltmegi tabşyrdy, munuň özi işleri häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk alyp barmaga mümkinçilik berer.

Döwletimiziň ykdysadyýetini diwersifikasiýa we innowasiýa ýoly bilen ösdürip kämilleşdirmekde, ähli pudaklaryň we sebitleriň işini sazlaşykly utgaşdyrmakda, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan döwrebap önümçilikleri döretmekde hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmakda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky maksatnamanyň ýerine ýetirilişiniň uly ähmiýeti bardyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Şu işlerde kiçi we orta telekeçilige uly orun degişlidir. Döwlet tarapyndan hususy işewürlige yzygiderli goldaw berilmegi ulgamyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna we kämilleşdirilmegine ýardam berýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de bu işleri dowam etmek barada görkezme berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, iş maslahatyny tamamlady.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14079