TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde doganlyk ýurt bolan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha berip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýete eýedigini bellediler, munuň özi hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça öz wagtynda pikir alyşmaga hem-de sebit we halkara derejesinde özara hereketleri utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Telefon arkaly gürrüňdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz goňşy döwletiň Baştutanyna şu gün iş sapary bilen Daşoguz welaýatyna gelip, bu ýerde ýaşaýan özbek doganlarymyzyň wekilleri bilen duşuşandygyny, olaryň many-mazmuna baý bolan gürrüňdeşlikleriň dowamynda öz ýaşaýyş-durmuş şertleri barada gürrüň berendiklerini habar berdi.

Milli Liderimiz bu ýerde ýaşaýan özbek doganlarymyzyň ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşyna işjeň gatnaşýandyklaryny kanagatlanma bilen belläp, olaryň Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikler baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Özbegistanyň Baştutany döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we giňeltmek meselelerine hemişe üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallygyny beýan edip, iki halkyň taryhynyň hem-de ruhy-medeni kökleriniň umumylygyny, gadymdan gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň mizemezdigini aýratyn belledi, bu gatnaşyklar taraplaryň hoşniýetli erk-islegi netijesinde täze many-mazmuna eýe boldy.

Iki döwletiň Baştutanlary Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň netijelilik we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýan doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydyklaryny tassyklap, ýokary derejede özara ynama esaslanýan gatnaşyklaryň geljekde hem ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly binýat boljakdygyna ynam bildirdiler.

Türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň dürli ulgamlarynda ileri tutulýan meseleleriň birnäçesiniň ara alnyp maslahatlaşylan telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew birek-birege we iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14099