DÖWLET BAŞTUTANYNYŇ ADYNA HAT GELIP GOWUŞDY

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) adyndan Türkmenistanda sporty we olimpiýa hereketini ösdürmäge uly goşandyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Bütindünýä welosiped gününiň baýram edilmegi mynasybetli UCI-niň ýolbaşçy komitetiniň dünýäde welosiped sportuny ösdürmäge goşan çäksiz goşandyňyz üçin Sizi iň ýokary sylagy hem-de onuň sertifikaty bilen sylaglamak barada karary biragyzdan kabul edendigini habar bermäge şatdyryn.

Size UCI-niň iň ýokary sylagyny gowşurmak mende uly kanagatlanma duýgusyny dörederdi, emma, dünýä ýüzünde emele gelen ýagdaý bilen baglylykda, bu hormatly wezipäni ýerine ýetirmek mümkin bolmaýar. Şu sebäpli Size UCI-niň iň ýokary sylagyny 2020-nji ýylyň 2-nji iýunynda onlaýn duşuşykda görkezmegi özüm üçin hormat saýýaryn.

Hormatlamak bilen,
Dawid Lappartýen,
Halkara welosipedçiler birleşiginiň prezidenti.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14377