DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHATLAR

Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň wekilleriniň Russiýa Federasiýasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikleri geçirildi.
Onda däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wezipeleri, ilkinji nobatda bolsa, COVID-19 ýokanjyna garşy bilelikdäki göreş ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara bileleşigiň tagallalaryny utgaşdyrmak, ylmy diplomatiýanyň gurallaryny işjeň herekete girizmek boýunça öňe süren başlangyçlaryna ýokary baha berip, Russiýanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň lukmançylyk edaralarynyň gepleşiklere gatnaşýan ýolbaşçylary we işgärleri maglumat we tejribe, howply ýokanç keselleriň öňüni almak hem-de bejermek boýunça gazanylan tejribeleri we bilimleri almak üçin ýygjam gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.