NEBIT ÇYKARYLYŞYNA SANLY ULGAMYŇ ORNAŞDYRYLMAGYNYŇ TOPLUMLAÝYN PEÝDASY

photo

«Türkmennebit» Döwlet konserniniň kärhanalarynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy gözleg-agtaryş, ýataklardan peýdalanmak we nebit alnyşyny dolandyrmak işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.

-Bu iş birnäçe ýyl mundan ozal harytlyk nebitiň möçberini we hil ölgeçlerini kesgitlemek üçin sanly ulgamyň sekizisiniň oturdylmagyndan başlandy. Häzirki wagtda sanlaşdyrmak konserniň işiniň ähli ugurlaryny öz içine alyp, tehnologik we önümçilik diwersifikasiýasy, bäsdeşlik artykmaçlygy üçin meýdança boldy – diýiň aragatnaşyk we awtomatizasiýalaşdyrmak bölüminiň başlygy Wepa Kulyýew gürrüň berýär.

Önümçiligiň ygtybarlylygyny we netijeliligini üpjün etmek üçin bölümiň hünärmenleri optika-süýümli aragatnaşyk arkaly Döwlet konserniniň Balkanabatda ýeleşýän gurluş düzümleriniň ählisini «Uzboý», «Burun» we «Barsagelmez» peýdalanylýan ýataklaryna çatdylar.

Sanly ulgama geçilmegi ýüz kilometr we ondanam uzak aralykdaky buraw enjamlarynyň telemetriýa we wideogözegçilik maglumatlaryny almak işini amatlaşdyrdy. Enjamyň işindäki islendik ýütgeşmelere çalt seslenmäge, enjamyň näsazlygyny ýüze çykarmaga, geologiýa we tehnologik maglumatlary baglanşykly hünärmenlere – geofiziklere we «Türkmennebit» Döwlet konserniniň merkezi edarasyna ýetirmäge mümkinçilik döredi.

Nebit çykarýan kärhanalarda çuňluk ştanga nasoslary bilen üpjün edilen guýylarda nebit alnyşyny dolandyrmak ulgamyny awtomatizasiýalaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle guýylaryň işleýşine gözegçilik etmek üçin programmalaýyn-enjamlar toplumlarynyň ornaşdyrylmagy uzak wagtlap ulanylýan nebit ýataklarynyň girdejililigini artdyrar.

Guýylaryň awtomatizasiýalaşdyrylmagy maglumatlary toplamagy we olary seljermegi, şeýle hem uzak aralykdan gözegçiligi aňsatlaşdyrar. Döwrebaplaşdyrmagyň birinji tapgyrynda ulanylýan guýylaryň 550-si uzak aralykdan dolandyryş düzgünine geçiriler.

Konserniň hünärmenleri «Автоматизация-Метрология-Эксперт» inžiniring kompaniýasy (Ufa, Russiýa Federasiýasy) bilen «Türkmennebit» Döwlet konserniniň ätiýaçdaky enjamlaryny enjamlaşdyrmak üçin UMF300 kysymly köpfazaly dereje ölçeýjileriň 50 toplumyny satyn almaga şertnama baglaşdylar. Şu sanly enjam – möçber we hil görkezijilerini almaga hem-de nebit bilen suwuň fazaara derejesini kesgitlemäge mümkinçilik berýän netijeli tehnologik enjamdyr.

«Türkmennebit» DK-nyň hünärmenleriniň belleýşi ýaly, häzirki wagtda nebit çykarmagyň we ony gaýtadan işlemegiň ähli tapgyrlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, şeýle hem ýataklardan ilkinji nebit almaga çenli işleriň möhletini azaltmaga gönükdirilen sanly taslamalar durmuşa geçirilýär.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14459