TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN GERMANIÝANYŇ LUKMANÇYLYK TOPARLARYNYŇ WEKILI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäheriniň Grosshadern uniwersitet klinikasynyň professory Klaus Parhoferiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Professor döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen mähirli gutlap hem-de milli Liderimize berk jan saglyk, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen we german lukmanlarynyň milli saglygy goraýyş ulgamynyň ähli görkezijiler babatda oňyn hem-de nusgalyk derejesini kemala getirmäge gönükdirilen hünär gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine goldaw berýändigi üçin hoşallyk bildirdi.

Klaus Parhoferiň belleýşi ýaly, ulgamyň ösüşlerine milli çemeleşmeler alymyň, özgertmeler maksatnamasynyň başyny başlan, paýhasly, öňdengörüji syýasatçynyň we maksada okgunly döwlet işgäri bolan döwlet Baştutanymyzyň toplan tejribeleri bilen sazlaşykly utgaşýar.

Milli Liderimiz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýandygyny belledi. Şonuň netijesinde, raýatlarymyz giň görnüşli we dünýä ölçeglerine laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryna eýe boldy. Şunda, halkara lukmançylyk bileleşigi bilen netijeli gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär. Saglygy goraýyş öz ähmiýeti boýunça serhetsizdir. Ol näsagy bejerýär. Olaryň saglygyny dikeldýär we ähli halklaryň durmuş gymmatlyklarynyň möhüm ugrudyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz GFR-iň öňdebaryjy ylmy-kliniki merkezleriniň hünärmenleri bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini, tejribe alyşmak, Ýewropanyň ösen anyklaýyş we bejeriş tejribesini öwrenmek maksady bilen türkmen lukmanlarynyň bu ugurdaky gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini nygtady. Soňky ýyllarda türkmen hünärmenleriniň onlarçasy nemes klinikalarynda okuw geçdiler we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrdylar. Häzirki döwürde biz akademiki gatnaşyklary hut tejribede çuňlaşdyrmagy maksat edinýäris. Şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ulgamynyň düzümlerini lukmançylyk enjamlarynyň täze görnüşleri bilen üpjün etmek boýunça Germaniýanyň belli kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Professor Klaus Parhofer milli Liderimiziň sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ugurlarynyň, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek boýunça alyp barýan işleriniň ägirt uly ähmiýete eýedigini belledi. Munuň özi ynsanyň we umuman, jemgyýetiň sagdynlygyny berkitmekde ygtybarly binýat bolup durýar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen lukmanlarynyň Germaniýanyň iri ylmy lukmançylyk merkezleriniň öňdebaryjy hünärmenleri bilen özara gatnaşyklarynyň täze mazmun bilen üstüniň ýetiriljekdigine we onuň milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek işinde oňyn netije berjekdigine ynam bildirdi.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14532