TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň taryhy gatnaşyklara, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine hem-de hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassykladylar.

Prezident Ilham Aliýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize jan saglyk, uzak ömür we alyp barýan jogapkärli döwlet işinde hem-de ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, soňky döwürde öz ösüşinde täze itergä eýe bolan türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini we uly geljeginiň bardygyny belledi.

Söhbetdeşler yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň netijesinde, oňyn hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykylandygyny bellediler. Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryna mahsus bolan deňhukuklylyk, açyklyk we özara ynanyşmak hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat hem-de ähli bilelikdäki başlangyçlaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň binýady bolup durýar.

Hususan-da, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň çäk taýdan amatly ýerleşmeginiň gury ýer, deňiz, howa we demir ýol gatnawlaryny ösdürmäge ýardam edýändigi bellenildi.

Döwlet Baştutanlary energiýa serişdelerini Ýewropa bazarlaryna ibermek, kommunikasiýalar hem-de aragatnaşyk ulgamynda ulag geçelgelerini döretmek we ösdürmek babatynda gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini kesgitlediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurtlarymyzyň diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl-de, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem işjeň hyzmatdaşlyk edýändiklerini belläp, azerbaýjan doganlarymyza Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny öňe ilerletmekde we durmuşa geçirmekde goldaw berýändikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda birek-birege berk jan saglyk we üstünlik, Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň halklaryna bolsa bagt we abadançylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw edildi.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14525