EKIN DOLANŞYGYNDA ARALYK EKINLER: ÝERDEN WE SUWDAN REJELI PEÝDALANYLMAGY

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda mäş öndürilişi ep-esli artar. Azyk önümlerini öndürmegi artdyrmak boýunça wezipäniň jähtinden, şeýle hem suwarylýan ýerleriň netijeliligini ýokarlandyrmakda munuň möhüm ähmiýeti bar, çünki güýzlik galladan soň ekin dolanşygynda ulanylýan bu ekin topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrýar.

Ýurduň şu sebitinde iri galla öndüriji S. Türkmenbaşy adyndaky etrapda mäş ekmäge 700 gektar ýer bölünip berildi. Gurbansoltan eje adyndaky etrapda bolsa ol 350 gektar meýdana ekiler.

Ýerli howa şertlerinde amatly döwürde ýetişýän, kösükliler maşgalasyndan bolan ýokary ýokumlyk sypatly mäş suw bilen az üpjünçilikli ýerlerde serişde tygşytlaýjy häsiýeti bilen tapawutlanýan oňaýly ekin hasaplanylýar. Daşoguz welaýatynyň käbir obalarynyň ilaty melleklerinde hem ondan ýokary hasyl alýarlar.

Türkmenistanyň demirgazygynda öndürilişi şu ýyl has artdyryljak ekinleriň biri-de gymmatly ýag berýän künjidir. Amala aşyrylýan işlere şahsy düzümler-de işjeň gatnaşýarlar.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14579