GADYMY ÝÖRELGELERIŇ DÖWRAP KEŞBI

Aşgabadyň çeper halyçylyk kärhanansynyň täze binasy ulanmaga berilmäge taýýarlanylýar, bu ýerde ýylda 1650 inedördül metr haly we haly önümlerini çykarmak göz öňünde tutulýar, önümiň belli bir bölegi eksporta niýetlener.

Geçen asyryň 20-nji ýyllarynda gurlan, 1948-nji ýylyň weýrançylykly ýer titremesinden soň dikeldilen ilkinji desgalaryň biriniň ýerindäki döredijilik-önümçilik meýdançasyny paýtagtymyzyň gurluşykçylary bina etdiler.

Paýtagtymyzyň halyçylyk kärhanasynyň taryhy geçen asyryň ýigriminji ýyllarynyň başyndan başlanýar. Şol döwürde ýurdumyzda ilkinji jemgyýetçilik haly şereketi bölümi açyldypdy, birnäçe ýyldan soň bolsa häzir Aşgabadyň çägine giren Köşi obasynda Ene Kulyýewa adyndaky haly arteli döredildi. Paýtagtymyzda 1947-nji ýylda döredilen haly arteline 1960-njy ýylda fabrik derejesi berildi.

Daş keşbi paýtagtyň binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýan täze binada çeper elli zenanlaryň iki ýüzüsiniň işlemegi üçin amatly şertleriň ählisi döredilen. Giň, ýagty otaglar howany ýelejirediş we ýyladyş ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan. Dünýä belli el halylary bir müň inedördül metr meýdan tutýan sehde dokalar. Taslamaçylar we gurluşykçylar kärhananyň işgärleri üçin oňaýly şertleri döretmek üçin tagalla edipdirler: otaglar amatly ýerleşdirilen, naharhana, eşik çalşylýan otag, duşlar göz öňünde tutulan.

Kärahananyň direktory G. Mollaýewiň aýtmagyna görä, birinji gatda haly önümleri dükany, ikinji gatda – sergi zaly, nakgaşlaryň ussahanalary, maslahatlar zaly we edara jaýy ýerleşer. Kärhanada ýüplük reňkleýän laboratoriýa enjamlaşdyrylar, çig mal ammary we beýlekiler bolar.

Ýakyn wagtda Ahal welaýatynyň Bäherden, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etraplarynda, Baýramalyda (Mary welaýaty) we Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda döwrebap halyçylyk kärhanalary açylar.

Çeper elli zenanlaryň netijeli zähmeti we döredijilik pikirleriniň durmuşa geçirilmegi üçin gowy şertler döredilen pudagyň döwrebaplaşdyrylan kärhanalarynyň işe girizilmegi çeper halyçylygy ösdürmekde wajyp tapgyry, şeýle hem pudaklaýyn marketing üçin gowy mümkinçilikleri açar, işiň täze ugurlaryny agtarmaga, nusgawy usullaryň faktura, göl we reňk babatda täzeçilikleri bilen sazlaşygyna itergi berer.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14585