ÝURDUŇ DOKMA KÄRHANALARY MEKDEP EŞIKLERINI SÖWDA NOKATLARYNA IBERMÄGE TAÝÝARLANÝARLAR
Dokma senagaty ministrligniň kärhanalary täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde mekdep okuwçylary üçin eşikler tapgyryny çykaryp başladylar.
Bu işe ilkinjiler bolup Aşgabadyň tikinçilik fabrikleri girişdiler. Gyzjagazalr üçin eşik tikmäge ýöriteleşen «Bahar» kärhanasynda ak öňlükler, köýnekler we penjekler, şeýle hem zähmet sapagy üçin ýektaýlar hem-de öňlükler taýýarlanylýar. «Ahal» fabriginde oglanjyklar üçin mekdep eşiklerini tikmäge girişildi, Marynyň «Ýeniş» fabriginde ak köýnekleri çykarmak ýola goýuldy. Türkmenabadyň, Daşoguzyň, Bereket etrabynyň ugurdaş kärhanalarynda hem täze okuw ýylyna taýýarlyk görülýär.
«Türkmen-Kalkan» bilelikdäki kärhanasynda çagalar aýakgaplarynyň birnäçe görnüşi: köwüşler, mokasinler, botinkalar işlenilip taýýarlanyldy we olary çykarmak özleşdirildi. Mekdep okuwçylary üçin eşikleriň we aýakgaplaryň ählisi ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa we gipoallergen materiallardan taýýarlanylýar.