BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNYŇ BAŞ DIREKTORYNYŇ HATY

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!


Sizi Türkmenistana Bütindünýä söwda guramasynda synçy derejesiniň berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu baradaky çözgüt onuň agzalary tarapyndan 2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Bütindünýä söwda guramasynyň Baş geňeşiniň mejlisinde kabul edildi.

Bu gazanylan üstünlik Siziň 2013-nji ýylyň ýanwarynda Bütindünýä söwda guramasy bilen resmi gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen başlan işiňiziň netijesidir.

Synçy derejesiniň Türkmenistana köptaraply söwda ulgamyna hem-de dünýä ykdysadyýetine goşulyşmak üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýaryn.

Bütindünýä söwda guramasynyň Sekretariaty Türkmenistana özüniň synçy hökmündäki wezipesini amala aşyrmaga hem-de agzalyk baradaky gepleşiklere taýýarlyk görmäge ýardam bermäge taýýardyr.

Jenap Prezident, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Roberto AZEWEDO,
Bütindünýä söwda guramasynyň Baş direktory.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14647