ÝURDUMYZYŇ DEMIRGAZYGYK SEBITINDE KARTOŞKA GEÇEN ÝYLDAKYNDAN KÖP ÝYGNALDY

Daşoguz welaýatynda kartoşka ýygymy tamamlanyp barýar. Şu güne çenli 55 müň 400 tonnadan gowrak önüm ýygnaldy, munuň özi geçen ýyldakydan ep-esli köpdür.

Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň ekarançylary döwet tabşyrygyny amal etdiler. Bu ýerde 2 müň 100 gektar meýdandan 29 müň 400 tonna golaý hasyl alyndy, bu bolsa geçen ýyldakydan has köpdür. 770 gektar ýere kartoşka eken N. Andalyp adyndaky daýhan birleşiginiň ekarançylary umumy üstünlige saldamly goşant goşdylar. Her gektardan ortaça 140 sentner hasyl alan babadaýhanlar 11 müň tonna golaý kartoşka ýygnadylar. Şu daýhan birleşiginden ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Döwran Esenow 578 gektar ýerden ýokary hasyl aldy.

S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň ekarançylary-da uly üstünlik gazandylar. Bu ýerde 750 gektar meýdandan 10,5 müň tonna hasyl alyndy. Görogly etrabynyň daýhanlary 100 gektar ýerden 1400 tonna kartoşka ýygnadylar.

Gurbansotan eje we S.A.Nyýazow adyndaky etraplar Türkmenistanyň demirgazygynda esasy kartoşka öndürijilerdir. Bu ekini ýetişdirmekde toplanan tejribe, ýer we suw serişdelerinden rejeli peýdalaynylmagy, netijei agrotehnika, maddy-tehniki üpjünçilik, kartoşkanyň ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan sortlarynyň saýlanyp alynmagy ýokary netije gazanmaga mümkinçilik berdi.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14659