TÜRKMEN-GERMAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI TELEFON SÖHBETDEŞLIGINIŇ BARŞYNDA ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 7-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň DIM-niň Döwlet Sekretary Migel Bergeriň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňişleýin düzümine seredip, diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösüşiniň oňyn ugurlaryny aýratyn bellediler.

Dürli ugurlara gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge isleg bildirip, iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary halkara giňişliginde birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak däplerini dowam etmek maksady bilen tagallalary ýokarlandyrmagyň möhümdigini bellediler.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynda netijeli görkezijileri gazanmakda uly mümkinçilikleri döredýän iki ýurduň döwlet we hususy ulgamlaryň wekilleriniň yzygiderli duşuşyklarynyň zerurlygy aýratyn nygtaldy.

Diplomatlar COVID-19 pandemiýasy bilen bagly häzirki ýagdaýlar we dünýäde onuň ýaýramagyna garşy göreşmekde tagallalary birleşdirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

https://www.mfa.gov.tm/tk/news/2168