DAŞARY YKDYSADY IŞIŇ ÖSÜŞI BIZIŇ DÜNÝÄ BAZARYNDA BÄSDEŞLIGE UKYPLYLYGYMYZYŇ GÖRKEZIJISIDIR

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda we başlangyjy boýunça Türkmenistanda ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga we sanly ulgama geçirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar.

Şeýlelikde, amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegi üçin ygtybarly binýady döredip, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri şertlendirýär.

Şu ýylyň birinji ýarymynyň netijeleriniň görkezişi ýaly, dünýä ykdysadyýetindäki çökgünlik ýagdaýyna garamazdan, görülýän çäreleriň netijesinde, ýurdumyzda halk hojalyk toplumlarynyň esasy ulgamlarynda durnukly ösüş üpjün edildi. Döwrebap bazar düzümini kemala getirmek, Watanymyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça işler dowam etdirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň dekabrynda gol çeken Karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin daşary ykdysady işiniň ösüşiniň Maksatnamasy hem şu ugurdaky wezipeleri üstünlikli çözmäge gönükdirilendir.

Maksatnamada milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maýa goýum işjeňligini, eksport ugurly hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri höweslendirmek, oňaýly işewür ýagdaýy döretmek, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça öňe süren başlangyçlaryny we tekliplerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça çäreler bellenildi.

Ýurdumyz «Açyk gapylar» syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň onlarça döwleti, ägirt uly tejribä hem-de dürli ulgamlarda öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdy. Şonuň bilen birlikde, abraýly halkara maliýe düzümleri bilen özara gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Şolaryň hatarynda Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýlekiler bar.

Bu hyzmatdaşlygyň çägi yzygiderli giňeldilýär, onuň şertnamalaýyn-hukuk binýady pugtalandyrylýar. Biziň ykdysady we söwda hyzmatdaşlarymyz bilen gatnaşyklarymyz täze ösüşe eýe bolýar, dürli derejelerde gatnaşyklar işjeňleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryna üns bermek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ösdürmek we ondan netijeli peýdalanmak boýunça oýlanyşykly çäreleri görmek zerurdyr.

Şu babatda ikitaraplaýyn Hökümetara toparlar, iş toparlary, Komitetler we işewür geňeşleri özlerini netijeli gurallar hökmünde görkezdiler. Olaryň mejlislerinde hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine, şol sanda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge, söwda-ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň mümkinçiliklerine, täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga degişli wajyp meseleler içgin ara alnyp maslahatlaşylýar.

Işewürler maslahatlary hem işjeň hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň netijeli guraly bolup durýar.

Şu ýyl Türkmenistanyň hem-de beýleki ýurtlaryň degişli düzümleriniň wekilleriniň arasynda göni aragatnaşyk arkaly duşuşyklaryň we gepleşikleriň birnäçesi geçirildi. Häzirki wagtda şeýle duşuşyklar we gepleşikler tutuş dünýäde giň gerime eýe boldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen tarapy halkara we sebit guramalarynyň hem-de maliýe edaralarynyň ugry boýunça hem göni aragatnaşyk arkaly duşuşyklaryň birnäçesine gatnaşdy. Şolaryň barşynda ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol duşuşyklaryň hatarynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi, GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 86-njy mejlisi, «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşinde birinji ministrler duşuşygy, «С5+1» görnüşinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň nobatdaky ministrler duşuşygy, Koreýanyň halkara söwda assosiasiýasynyň, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariatynyň arasynda geçirilen wideomaslahat hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen guralan duşuşyk, Bütindünýä bankynyň ýolbaşçylygynyň wekilleri bilen onlaýn duşuşygy, Aziýanyň ösüş bankynyň «Merkezi Aziýada sebit ykdysady hyzmatdaşlyk» maksatnamasynyň Milli utgaşdyryjylarynyň maslahaty, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň sebit duşuşygy hem-de beýlekiler bar.

Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmekde işewür düzümleriň ugry boýunça hyzmatdaşlyga möhüm orun berilýär. Soňky ýyllarda Diýarymyzyň telekeçilik ulgamy ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda işjeňlik görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmäge aýratyn üns berýär.

Hususy ulgamyň höweslendirilmegi önümçilik ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny we okgunly ösdürilmegini, kompaniýalaryň hem-de hususy kärhanalaryň innowasion işini, ýerli çig malyň esasynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleriň döredilmegini göz öňünde tutýar. Telekeçiler daşary ýurtlara iberilýän ýokary hilli önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrýarlar hem-de görnüşlerini giňeldýärler.

Hususy kärhanalar bazaryň täze ugurlaryny ynamly özleşdirýärler, daşary ýurt bazarlarynda eýeleýän ornuny berkidýärler. Bu gün olar üstünlikli bäsdeşlik etmäge ukyplydyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň halkara işewür gatnaşyklary gol çekilen ylalaşyklaryň birnäçesinde aýdyň beýanyny tapdy. Telekeçiler daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda hem netijeli işleri amala aşyrýarlar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmakda sanly ulgama geçilmegi uly mümkinçilikleri açýar. Sanly ulgama geçilmegi hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde, dünýäniň islendik ýerinde gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary alyp barmak mümkindir.

Söwda we hyzmatlar ulgamynyň okgunly ösdürilmegi halk hojalyk toplumyny üstünlikli özgertmegiň aýdyň görkezijisidir. Şoňa görä-de, hut söwda syýasaty Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Telekeçiligiň işi bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we düzümini kämilleşdirmek babatda hem möhüm ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, telekeçiligi ösdürmek milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny we netijeliligini ýokarlandyrmagyň hem-de eksport kuwwatyny giňeltmegiň has netijeli ýoludyr.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan marketingiň, üýtgäp durýan islegleri nazara almak arkaly, Diýarymyzyň çeýe eksport syýasatyny kemala getirmek üçin dünýä bazarynyň ýagdaýyny, sebitdäki we tutuş dünýädäki ýagdaýlary yzygiderli seljermegiň zerurdygyny belleýär.

Ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek babatda aýdylanda bolsa, milli Liderimiziň belleýşi ýaly, dürli elektron ulgamlaryň hem-de maglumat tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagy, şol sanda olaryň söwda we salgyt salmak, pes hilli önümleriň ýaýramagynyň öňüni almak ýaly ulgamlarda ulanylmagy Diýarymyzyň dünýäniň söwda-ykdysady we maliýe gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde döwletimiziň abraýynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam eder.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Şweýsariýanyň «SIСPA SA» kompaniýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda gol çekilen Ähtnama hem şu maksatlara hyzmat etmelidir.

Dünýäniň bu ulgamda öňdebaryjylaryň biri hasaplanylýan kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanda döwrebap tehnologiýalary özleşdirmäge we ornaşdyrmaga mümkinçilik berer. Olar işewür gatnaşyklar üçin täze sanly ulgamy döretmek we umuman, sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin ygtybarly esas bolar. Munuň özi bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ileri tutulýan wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi.

Halkara sergilere we ýarmarkalara gatnaşmak Diýarymyzyň gazananlaryny görkezmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň many-mazmunyny baýlaşdyrmak, maýa goýumlaryny çekmek, ysnyşykly işewür gatnaşyklary ýola goýmak, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Türkmenistanyň şeýle iri gözden geçirilişlerdäki bölümleriniň hünärmenler hem-de olara tomaşa etmäge gelýänler üçin hem uly gyzyklanma döredýändigini bellemek gerek.

Ýurdumyz möhüm ähmiýetli forumlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. Şolara dünýäniň dürli döwletlerinden köp sanly wekiller gatnaşýar. Döwlet Baştutanymyzyň iýul aýynda gol çeken Karary hem sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary geçirmek boýunça işi kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Şol Karara laýyklykda, 2020 — 2025-nji ýyllar üçin niýetlenen degişli strategiýa hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistana Bütindünýä söwda guramasynda synçynyň derejesiniň berilmegi milli ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmäge, onuň daşary söwdada eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga, ýurdumyzda öndürilýän harytlary dünýä bazarlarynda üstünlikli ilerletmäge, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge, daşary ýurt maýalaryny çekmäge, bazar özgertmelerini durnukly dowam etdirmäge ýardam eder.

Ozal habar berlişi ýaly, bu abraýly halkara guramanyň Baş geňeşiniň BSG-niň Ženewadaky ştab-kwartirasynda 2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda geçirilen nobatdaky mejlisine gatnaşyjylar tarapyndan şeýle çözgüt biragyzdan kabul edildi. Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň şu derejäni almak baradaky towakganamasyna garaldy.

Bütindünýä söwda guramasy özüniň agzalarynyň arasynda söwda düzgünlerini kadalaşdyrýan halkara düzümdir. Onuň esasyny dünýäniň aglaba ýurtlary tarapyndan baglaşylan, gol çekilen we tassyklanylan degişli ylalaşyklary düzýär. Bu gün dünýäniň 164 döwleti BSG-niň agzasy bolup durýar. 25 ýurt bolsa synçynyň derejesine eýedir.

BSG-niň kadalary söwda-ykdysady gatnaşyklar ulgamynda milli kanunçylygy işläp taýýarlamak we ulanmak üçin ugrukdyryjy bolup durýar. Guramanyň esasy maksady agza döwletleriň arasynda durnukly we erkin söwdany üpjün etmekden ybaratdyr.

BSG bilen hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak hem-de Türkmenistanyň ýokarda agzalan derejä eýe bolmagyny üpjün etmek üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýörite Hökümet topary döredildi we maksadalaýyk işler geçirildi.

Diýarymyzyň BSG-de synçy derejesine eýe bolmagynyň artykmaçlyklary äşgärdir. Köpýyllyk gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen birlikde, munuň özi ýurdumyzyň dünýäniň önümçilik, ylmy-tehniki hem-de medeni ösüş işine çalt depginler bilen goşulyşmagyna, işewür gurşawy kämilleşdirmäge we bäsdeşligi höweslendirmäge ýardam eder.

Synçynyň derejesi BSG-niň resmi çärelerine gatnaşmaga mümkinçilik berýär we onuň esasy resminamalaryna hem-de bu guramanyň söwda meseleleri boýunça tehniki taýdan kömek bermek maksatnamalaryna elýeterliligi üpjün edýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, umumy gymmatlyklara we bitewi maksatlara hem-de wezipelere esaslanýan hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamak durnukly ählumumy ykdysadyýetiň möhüm şertidir. Bu gün Bitarap Türkmenistan hut şu ýörelgeden ugur almak bilen, bu işe gatnaşmaga hem-de toplanan oňyn tejribäni alyşmaga ýardam bermäge taýýardygyny iş ýüzünde görkezýär.

Hut şoňa görä-de, häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň netijeli guraly hem-de tutuş dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we abadançylygy üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde sebit hem-de sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Ulag ulgamy halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary okgunly ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar.

Bu babatda Türkmenistan işjeň orny eýeleýär. Döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän hem-de dünýä bileleşiginiň goldawyna mynasyp bolýan wajyp başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň biragyzdan kabul eden degişli Kararnamalary hem bu başlangyçlaryň uly ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

Diýarymyz şu mesele boýunça garaýyşlaryny kesgitlemek bilen, diňe bir yklymlaýyn däl, eýsem, umumy dünýä işlerinde hem Merkezi Aziýanyň möhüm orny eýeleýändigi baradaky hakykatdan ugur alýar. Türkmenistan «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça gatnaw ýollarynyň strategik çatrygynda, häzirki wagtda dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde amatly ýerleşmek bilen, halkara köp şahaly ulag-üstaşyr hem-de logistika düzümini döretmek boýunça giň möçberli taslamalaryň başyny başlaýar.

Hazar deňziniň, Gara deňziň, Ortaýer deňziniň we Baltika sebitiniň, Günorta we Günorta — Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň deňiz menzillerine, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryna çykmak arkaly Ýewraziýa giňişligini öz içine almak bilen, olar hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşiniň döredilmegini şertlendirýär. Şol hyzmatdaşlyk bolsa milli we umumy bähbitleriň deňagramlylygyna esaslanýar hem-de ählumumy geoykdysadyýetde täzeçe pikirlenmegiň aýdyň mysaly bolup durýar.

Şeýle utgaşykly ulgam uly möçberdäki ýükleriň daşalýan wagtyny azaltmaga hem-de geçilýän ýoly ep-esli gysgaltmaga mümkinçilik bermek bilen, Aziýanyň we Ýewropanyň döwletleriniň arasyndaky ykdysady hem-de söwda hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam eder.

Goňşy ýurtlar bilen bilelikde amala aşyrylýan iri möçberli taslamalaryň biri hem Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça («Lapis Lazuli») multimodal geçelgesiniň taslamasy bilen baglanyşyklydyr. Bu taslama gatnaşýan ýurtlara sebit we yklymlaýyn söwda bazarlaryna çykalgany giňeltmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi bolsa, milli ykdysadyýetleriň pugtalandyrylmagyna, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine hem-de haryt dolanyşygynyň mukdarynyň artdyrylmagyna ýardam eder.

Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda 2-nji iýulda geçirilen üç taraplaýyn onlaýn duşuşygyň çäklerinde bu ulag geçelgesiniň netijeli işledilmegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz birnäçe teklipleri, şol sanda Bitewi logistika merkezini döretmek baradaky teklibi beýan etdi.

Şeýlelikde, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň daşary ykdysady strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek we anyk netijeleri gazanmak üçin toplumlaýyn, örän oýlanyşykly çemeleşme zerurdyr. Şol çemeleşme bolsa ähli meseleleri, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de uzak möhletli geljegi göz öňünde tutmalydyr.

Bitarap Türkmenistan özara bähbitli hyzmatdaşlyk ugruna eýermek bilen, islendik oňyn pikirler we teklipler üçin açykdyr, döwletara hem-de köptaraplaýyn görnüşde sebit we dünýä möçberinde abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbitlerine kybap gelýän netijeli gatnaşyklara we gepleşiklere hemişe taýýardyr.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14665