PAÝTAGTYMYZYŇ KÄRHANASYNDA BIR GEZEK ULANYLÝAN LUKMANÇYLYK AGYZ-BURUN ÖRTÜKLERINI ÖNDÜRÝÄN ENJAM IŞE GIRIZILMÄGE TAÝÝARLANYLÝAR

Aşgabadyň lukmançylyk pamygyny we kosmetiki pamyk serişdelerini çykarýan kärhanasynda bir gezek ulanylýan agyz-burun örtüklerini çykarýan awtomatik enjamyň sazlaýyş-işe goýberiş işleri tamamlanyp barýar. Dem alyş agzalaryny goraýan serişdäni taýýarlamak üçin ýurdumyzda öndürilýän dokalmaýan sapnbond materialy ulanylar. Kärhanada oturdylan doly awtomatik usulda işleýän enjamda minutda ýüze golaý önüm çykarylar.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary-da dem alyş agzalaryny goraýan serişdeleri çykarýarlar. Ýurdumyzyň baýry kärhanasy bolan Aşgabadyň «Bahar» tikinçilik fabriginde nah matadan köp gezek ulanylýan lukmançylyk agyz-burun örtükleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Täze seh Juki kompaniýasynyň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen. Bu ýerde ugurdaş enjamlaryň altmyşdan gowragy oturdyly, olar her gün şahsy gorag serişdeleriniň birnäçe müňüsini çykarmaga niýetlenendir.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14667