TÜRKMEN PAÝTAGTYNDA ŞAHYR AMANGÖZEL ŞAGULYÝEWANYŇ 80 ÝAŞYNYŇ DOLMAGY MYNASYBETLI DABARA BOLDY
Şu gün Aşgabatda tanymal şahyr, Türkmenistanyň Gahrymany, ýurduň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amangözel Şagulyýewanyň 80 ýaşynyň dolmagy mynasybetli dabara boldy.
Amangözel Şagulyýewany gutlamaga kärdeşleri, tanymal medeniýet we KHBS işgärleri gelipdirler. Dabarada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýubilýara gutlag haty okaldy we oňa döwlet Baştutanynyň adyndan ýadygärlik sowgady, gül dessesi gowşuryldy.
Türkmenistanda Amangözel Şagulyýewanyň goşgylaryny gowy bilýärler, olar telewizion we radiogepleşiklerde, konsertlerde, döredijilik duşuşyklarynda okalýar. Onuň goşgylaryna aýdymlar ýazyldy, şahyryň şygyrlary beýleki halklaryň dillerine terjime edildi. Onuň şygyrlary ýürekden çykýar, duýgylara we mähre baý, olaryň her setirinde dogduk topragyna, halkyna wepaly şahyryň gyzgyn ýürek urgusy duýulýar. Çäräniň barşynda Amangözel Şagulyýewanyň «Gezdim şygryň dünýäsinde» atly täze goşgylar ýygyndysy bilen tanyşdyrylyş boldy...
...1970-nji ýylda «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasyna Mary şäherinden içi goşguly bukja gelip gowuşdy. Amangözeliň goşgylary ýaňy başlanyňka meňzemeýärdi, ol eýýäm ýetişen şahyryň şygyrlarydy. Gazetiň işgäri, ajaýyp türkmen şahyry Gurbannazar Ezizow üçin ol täze zehiniň, özem özboluşly we eýýäm kemala gelen awtoryň ýüze çykarylmagydy. Şondan bir ýyl geçen soň Gözel Şagulyýewa Türkmenistanyň belli şahyrlary bilen birlikde edebiýatçylaryň duşuşygyna gatnaşýar. Şol döwürde gazet-žurnallarda onuň goşgylary çap edilip ugraýar...
Döwlet Baştutanynyň öz gutlagynda belleýşi ýaly, Amangözel Şagulyýewanyň ýürek mährine ýugrulan, onuň yhlasyndan we zehinindenen döreýän goşgylarydyr poemalary Watan waspy bolup ýaňlanýar. «Siz her bir setiriňizi sünnäläp, yhlas siňdirip ýazmak bilen birlikde, döwrüň wakalaryna bada-bat seslenmegi hem başarýarsyňyz. Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda ýetilýän belent sepgitler, döwrüň, günüň wajyp wakalary bada-bat Siziň şahyrana nazaryňyza ilýär. Bu bolsa ykbalyny Watan ykbalyndan aýry saýmaýan ynsanlara mahsus häsiýetdir. Çünki ähli üstünlikleriň gözbaşynda watançylyk söýgüsi, öz ykbalyňy baglan käriňe bolan ygrarlylyk bar» - diýlip hormatly Prezidentimiziň gutlagynda aýdylýar.
Häzirki güne çenli Şagulyýewanyň goşgylar ýygyndylarynyň birnäçesi neşir edildi. Onuň şygyrlar ýygyndysynyň her eseri – awtoryň döredijilik we durmuş ýolunyň beýany, döwür we durmuşda eýeleýän orny, durmuşyň manysy we sungatyň özgerdiji güýji barada oýlanmalaryň netijesidir... Bizem özboluşly şahsyýetiň we zehinli şahyryň adyna aýdylan gutlaglara goşulýarys, oňa döredijilik üstünliklerini arzuw edýaris we onuň ýiti, sünnälenen setirlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.