TELEKEÇILER BILELEŞIGINIŇ WEKILLERI ÝAŞAÝYŞ JAÝ GURLUŞYGY ULGAMYNDA MAÝA GOÝUM TASLAMALARYNY DURMUŞA GEÇIRÝÄRLER
Gurluşyk telekeçiligine hususy düzümleriň işjeň çekilmegi Daşoguz şäherinde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň depgininiň ýokarlanmagyna getirdi. «Şirin aý» hususy kärhanasynyň hünärmenleri bu ýerde ýokary amatlykly köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň ýene dördüsiniň gurluşygyna girişdiler. 136 otagly dört gatly jaýlar şäheriň merkezi böleginde, Magtymguly şaýolunyň ugrunda jaý edinmäge isleg bildirýänleriň paýly gatnaşmagynda bina ediler.
Täze giň öýlerde oňaýly durmuş üçin ähli şertler dörediler, şol sanda goşmaça hojalyk jaýlary göz öňünde tutulan. Jaýlaryň töweregi abadanlaşdyrylar, çagalar üçin oýun meýdançalary, maşgala dabaralaryny geçirmek we sadaka bermek üçin ýer, ulag duralgasy gurlar.
Häzirki wagtda ýurduň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkeziniň Şagadam, Görogly, Daşoguz we Al-Horezmi köçeleriniň ugrunda ýaşaýyş jaý toplumlary hem-de degişli dürli ähmiýetli binalar gurulýar. Täze jaýlar, şeýle hem söwda nokatlary şäheriň görküne görk goşýar. Täze gurluşyklaryň esasy bölegi ýerli kärhanalaryň – Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň paýyna düşýär, çünki ýaşaýyş jaýlaryna maýa goýumy – döwlet bilen hususyýetçileriň hyzmatdaşlygynyň netijeli görnüşidir.