DUTARYŇ TEREŇ OWAZY...
Milli saz gurallary – medeni mirasyň uly ähmiýetli bölegidir. Olar maglumatlaryň gymmatly gatlagyny özünde jemläp, aýdym-saz ýörelgeleriniň kemala gelmeginiň we ösüşiniň gözli şaýadydyr. Milli saz gurallarynyň ösüşi, olaryň kämilleşdirlmegi we nesilden nesle geçmegi – munuň özi, şol sanda milli özboluşlylygy görkezýän ýagdaýdyr.
Dutardyr gyjak sazlaryny diňläp görüň. Olaryň owazy dessanlaryň her hili röwüşlerine we setirlerine kybapdyr... Olardan türkmen tebigatynyň owazlary: dag etek düzleriniň ýumşak heňi we jülgeleriň zarply ýaňy, çeşme şirrildisi we deňiz tolkunlarynyň güňleç sesi, altynsow çäge zerrejikleriniň şygyrdysy we ýeliň owazy gelip durandyr...
Türkmenler hemişe bagşy-sazandalara aýratyn sarpa goýupdyrlar. Bagşylaryň gazanan abraý-derejesinde eline düşen tut agajy janlandyryyp, owaz berýän dutar ussalarynyň hem paýy az däl....
Dutar ýasamak – uzaga çekýän, zehinden başga-da, tejribäni hem-de öte sabyr-kanagaty talap edýän irnik iş.Ýagşy dutar ýasamak üçin agajyny taýýarlanyňdan soňam, ençe aý, käte ýyl gerek bolýar. Ozaly bilen, köp ýaşan tut agajyny tapmaly, çünki ussalar sütüni zepersiz şeýle daragtdan dutaryň gapagyny we kellesini ýasaýarlar. Soňra ony Gün nuruny alsyn diýip guradýarlar, diňe şondan soň onuň zerur böleklerini ýasamaga girişýärler. Üýtgeşik saýry owazly gyjak ýasamagam çylşyrymly iş.
Şonuň üçinem milli saz gurallaryny ýasaýan ussalar barada gürrüň edilse, biz adatça olary goja bolmasa-da, ýaşy durugşan adamlardyr diýip pikir edýäris.
Daşoguz welaýatynyň S. Türkmenbaşy etrabynyň «Goşahowly» daýhan birleşiginden ussa Magtymowlar ussatlyk üçin ýaş çäginiň ýokdugyny subut etdiler. Dutarçy ussalaryň ulusy Maksat –19, onuň inisi – Guwanç 17 ýaşynda.
Şeýle bolsa-da, atly bagşy-sazandalaram, höwesjeňler-de olaryň elinden çykýan hoş owaz dutar-gyjagyň hyrydary.
Şunda ussalaryň ýaşy däl-de, sazandalar maşgalasyndan bolmasa-da, olaryň şeýle ýaş başyna saz gurllaryny ýasamagy özbaşdak öwrenişi haýrana goýýar. Dutar, gyjak ýasamak höwesi Maksatda çaga döwri döredi. Eýýäm şol döwürde ol toýundan ýasan üýtgeşik oýunjaklary bilen ata-enesini we dost-ýarlaryny haýran ederdi. Maksat bagşy bolmagy arzuw edýändigini aýdanda, kakasy ogluna dutar alyp bermäge wada etdi. Ýöne olar alysdaky obada ýaşansoň dürli sebäplere görä berlen söz ýerine ýetmän galdy...
Bir gezek Maksat işden gelen Otuzmädi öz ýasan dutary bilen geň galdyrdy. Edil bolmalysy ýaly takyk bolmasa-da, gowy owaz berýän hakyky dutardy!
Şol pursat kakasy oglunyň arzuwynyň ýöne bir güýmenje däl-de, ýürek höwesidigine düşünip, Maksadyň dutar ussasy hökmünde kämilleşmegi üçin çyn ussadyň gözlegine çykdy. Goňşy Könürgenç etrabynda Baýar ussanyň ýaşaýandygyny bilenden ogly bilen şol ýere gitdi.
Baýar ussa çaganyň ýasan dutaryna kän wagt siňňin syn etdi, ony nähili ýasandygyn soraşdyrdy. Maksadyň ony kitaplardan okap, ulularyň maslahaty bilen we telewizion gepleşiklerden öwrenedigini eşidip geň galdy.
Ussa:
-Maksada hünär öwretmek gerek däl, onuň başarnygy ýetik. Agaç işlemegiň inçe tilsimlerini welin öwrederin – diýdi.
Maksadyň we onuň kärini alyp göteren inisi Guwanjyň işi ýüzugruna ugrugyp gidibermedi. Kakasy ogullaryna elinden gelen dil, el kömegini berdi. Ýerli ýagdaýlara belet oba mehanizatory ýasara ýaramly tut agaçlaryny tapyp berdi, gerekli gurallary ýasamaga kömek etdi, çünki her ussanyň özüne kybap guraly bolmaly, tarlaryny satyn aldy...
Indi Maksat bilen Guwanç başynyň ýaşdygyna garamazdan özüne mahsus tilsimli adygan ussalar. Olaryň ýasan saz gurallary dürli sergilerde goýulýar, hoş owaz dutar-gyjaklary ýerli dessançylaryň elinde saýraýar. Ýetginjekleriň özleri-de dutar we gyjak çalmagy öwrendiler. Ýaş ussalar saz çalmagy başarmasaň, owazy ýakymly we güýçli sesli gural ýasap bolmaz diýip pikir edýärler. Meniň bolsa, dutar özüni döredeniň zehininiň we ylhamynyň dilinde «saýraýar» diýesim gelýär.
http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14789