BIRŽA TÄZELIKLERI

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, az kükürtli ýangyç mazudy we binýatlyk ýagy satyn aldylar. Özbegistanly işewürler şeýle hem ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.

Mundan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Gyrgyz Respublikasynyň telekeçileri tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümlerini, nah matany we ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 26 million 793 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gazagystan Respublikasynyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 3 million 792 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14824