«KIÇI GALA» KOMPANIÝASY POLIMER ÖNÜMLERIŇ EKSPORTYNY ARTDYRÝAR
Türkmenabat şäherinde hereket edýän «Kiçi Gala» hojalyk jemgyýeti polimer önümleriň täze tapgyryny eksporta ugratdy. Kompaniýanyň ýokary hilli önümlerine içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär. Önümçilik üçin çig mal Gyýanlydaky zawoddan alynýar.
Ugurdaş döwrebap enjamlar we innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhana 2 ýylda çykarýan önümleriniň görnüşini ep-esli artdyrdy we daşarky bazarlara çykdy. 2019-njy ýylda kompaniýa Gazagystana, Russiýa, Ukraina, Özbegistana polimer önümleriň uly tapgyryny iberdi.
Eksport strategiýasy şu ýyl hem dowam edildi. Ýanwar-awgust aýlarynda Özbegistana, şertnama laýyklykda, 11 tonna dokalmaýan materiallar we dürli görnüşli plastmas önümleriň 800 müňden gowragy ugradyldy. Gazagystanly işewür hyzmatdaşlar bolsa 3 milliondan gowrak halta satyn aldylar.
http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14831