TÜRKMENABADYŇ SAZLY-DRAMA TEATRYNYŇ DÖREDIJILIK TOPARY TÄZE OÝUN GOÝDY

photo

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň döredijilik topary «Watan jandan ileri» atly oýny sahnalaşdyrdy. Döredijilik topary göwrümli çeper konsepsiýaly sahna eserini Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlady.

Dramaturg D. Agalyýewiň pýesasy esasynda oýny belli teatr režisýory Perhat Hudaýberenow goýdy. Oýunda watanperwerlik we türkmen halkynyň milli gymmatlyklary temasy utgaşdyrylýar. Onda esasy keşpleri Türkmenistanyň halk artisti A. Suhanowa we Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi D. Hojanazarow döredipdirler.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14832